Bill Geýts Güni “böwetlemek” üçin taslamany durmuşa geçirýär

Bill Geýts Güni “böwetlemek” üçin taslamany durmuşa geçirýär

Microsoft-y esaslandyryjy Bill Geýts Güni “böwetläp” biljek täze taslama bilen tanyşdyrdy. Bu barada “Daily Mail” neşirine salgylanyp, ru.sm.news belläp geçýär.

Neşir Bill Geýtsiň adamzady Gün şöhlesiniň ýaramaz täsirlerinden dyndyrmak isleýändigini belleýär.Bill Geýts Garward uniwersitetiniň işgärleri tarapyndan işlenip düzülen täze taslamanyň çäginde atmosfera serpikdiriji bölejikleri sepip, global maýlama hadysasyny bes edip boljakdygy baradaky nazaryýeti barlamak isleýär.

Bu iş ylmy jemgyýetde jedelli seslenmelere eýe boldy, ýöne Şwesiýanyň kosmiki korporasiýasy alymlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge razylaşdy.Taslamanyň çäginde şu ýylyň iýun aýynda Arktikanyň Kiruna şäheriniň golaýynda howa şaryny uçurmak meýilleşdirilýär.

Oňa 20 km beýiklikde uçjak, agramy 600 kg bolan ylmy enjam birikdiriler. “UK Daily Mail” neşiriniň hasabatyna laýyklykda, global maýlama meselesini çözmäge synanyşýan SCoPex taslamasy esasan Bill Geýts tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ýöne käbir alymlar millionlarça tonna tozanjyklaryň stratosfera sepilmegi planeta nähili täsir eder diýen sorag bilen ýüzlenýärler.

Köpler bu kararyň esasy meselesi hökmünde garaşylmadyk netijeleri görkezýärler.

Ýene degişli makalalar

10-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
“Microsoft” Gazagystanda köp sebitli merkez açar
Bill Geýts ýakyn geljekde Google gözleýjisiniň ornunyň çalşyljakdygyny çaklady
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Bill Geýts çagaka smartfonlar bolan bolsa, milliarder bolup biljekdigine şübhelenýär
Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar