Emeli aňyň okgunly ösmegi adamzada üç günlük iş hepdesine geçmek üçin mümkinçilik berer diýip, Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts Spotify internet meýdançasynyň What Now? gepleşigine beren interwýusynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, adamlara indi köp zähmet çekmek gerek bolmaz, sebäbi käbir zatlary maşynlar öndürer.
Bu barada Business Insider neşirine salgylanýan News.ru ýazýar.
Alypbaryjy Trewor Noý milliarderden EA-nyň (emeli aň) iş orunlary üçin howpy barada soranda, ol maşynlaryň adamlaryň işini elinden alman, zähmeti ýeňilleşdirjekdigini we azaltjakdygyny aýtdy. Mysal üçin, robotlar iýmit we beýleki önümleri öndürip bilerler.
Eger ahyrky netijede hepdede üç gün işlenilýän jemgyýet kemala gelse, bu adaty ýagdaýdyr diýip, işewür sözüniň ahyrynda nygtady.