Aşgabatda Jeagat hojalygy instituty we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakulteiniň täze binasy ilkinji talyplaryny kabul etdi, şeýle hem täze mekdepler açyldy.
Himiýaçy talyplar üçin täze okuw toplumy Magtymguly adyndaky TDU-nyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Ol paýtagtyň esasy ýokary okuw mekdepleri bolan döwlet uniwersitetiniň, Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kemala getiren talyplar şäherçesine sazlaşykly goşuldy.
TDU-nyň himiýa fakulteti 1000 talyba niýetlenen. Onuň esasy binasynyň girelgesinde sergi otagy bar. Multimediýa ekranlarynyň kömegi“ bilen ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri barada giňişleýin maglumat alyp we himiýa pudagynda innowasion täzelikler bilen tanşyp bolýar. Şeýle hem bu ýerde gazylyp alynýan tebigy magdanlaryň we olaryň ýerleşýän ýerleriniň elektron kartasy bar.
Toplumyň esasy binasynda ýokary tehnologik enjamlar we serişdeler bilen üpjün edilen umumy sapaklar otaglary, amaly sapaklar üçin otaglar, ylmy laboratoriýalar ýerleşen.Okuw klasterinde jemi onlarça sapak otaglary, laboratoriýalar, kompýuter we lingafon merkezleri, programmalaşdyryş otaglary bolup, olar iň ýokary talaplara laýyk gelýär.
Multimediýa enjamlary elektron göterijilere sapaklary ýazmaga we olary ýokary okuw mekdebiniň ulgamynda görkezmäge mümkinçilik berer, bu bolsa talyplara ýoldaşlary ýa-da mugallymlary bilen has gyzykly mowzuklary ara alyp maslahatlaşmaga müminçilik berer.
Fakultetiň täze binasynda ýerlerden gelen talyplaryň 600-den gowragyna niýetlenen ähli amatlyklary bolan giň umumy ýaşaýyş jaýy bar. Bu ýerdäki sport binýadynda okuwdan boş wagtyň saglygyňa peýdaly sport bilen meşgullanmaga şert döredilen.
Jemagat hojalygy institutynyň täze şäherçesi paýtagtyň Abadan etrabynda 2,5 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde okuw binlarynyň üçüsi, ýerlerden gelen talyplaryň müňden gowragy ýaşar ýaly umumy ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi, şeýle hem kitaphana, naharhana, mejlisler otagy, sport toplumy ýerleşen. Mugallymlaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş şäherçesi-de institutyň düzümine girýär.
Fakultetleriň dördüsinde: kommunal hojalygy, inženerçilik ulgamlary we desgalary, mehaniki-tehnologiýalar we ykdysadyýet hem-de dolandyryş fakultetlerinde ýokary hünärli hünärmenler taýýarlanylar. Institutyň düzümine şeýle hem jemagat hojalygy ulgamynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyryş fakulteti hem girýär.
Iki müň talyba bilim bermäge niýetlenen ýokary okuw mekdebi ilkinji ýyl talyplaryň 400-sini kabul etdi.Okuw otaglary, laboratoriýalr,şol sanda ýörüteleşdirilen ylmy-barlaglar merkezleri, şeýle hem beýleki otaglar netijeli okuwy guramaga niýetlenen Ýewropa ýurtlaynyň iň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň dörebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan.
Institutyň meýdanynda landşaft dizaýnynda ulanylýan bezeg ösümliklerini ýetişdirmek boýunça amaly sapaklar üçin synag ýyladyşhana hojalygyg-da bar.
Paýtagtyň Parahat-7“ etrapçasynda ýerleşýän täze, döwrebap 134, 135, 136-njy mekdeplerde-de ilkinji gezek jaň kakyldy. Olaryň hersi 600 okuwça niýetlenendir.
Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşen hersi 720 okuwça niýetlenen 143 we 144-nji umumy bilim berýän orta mekdepler hem işe başlady.
Ahal welaýatynyň Sarags etrabynda 500 okuwça niýetlenen 26-njy mekdep okuwçylary kabul etdi. Ol soňky döwürde etrapda gurlan üçünji döwrebap mekdepdir.