25-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar—iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi. Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 26-njy awgustda bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda dürli dabaraly çäreleri geçirmek, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak göz öňünde tutulýar.
Bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly nyzamlar geçiriler.Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ady bilen geçirmek meýilleşdirilýär. 1-nji synpa okuwa barýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Bilimli atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler.
Aşgabat şäherinde baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny dabaraly açmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli täze bilim edaralaryny açmak ajaýyp däbe öwrüldi.Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 13 sany çagalar bagyny, 19 sany orta mekdebi we okuw-terbiýeçilik toplumyny, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebini, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebini hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny açmak göz öňünde tutulýar.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumyýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüniň tutulyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.