Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Halkara okuw sapary (IVLP) çäklerinde 2-20-nji dekabr aralygynda guralýan Ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmak: hyzmatdaşlyk we täjirleşdirmek atly okuwlara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň bilim ulgamynyň, has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýarlar. 2-nji dekabrda Waşington şäheriniň Halkara bilim institutynyň binasynda Döwlet departamentiniň hünärmeni hanym Çikita Jekson, Halkara bilim institutynyň maksatnama ýolbaşçysy jenap Chris Hill we maksatnamanyň utgaşdyryjysy hanym Cierra DePalmo dagylaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň wekiliýeti üçin guraljak okuwyň mazmuny bilen içgin tanyşdyryldy, okuwlaryň çäklerinde geçiriljek çäreleriň tertibine gatnaşyjylaryň isleglerine görä goşmaçalary girizmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar bilen has içgin tanyşmak maksady bilen olaryň her birine çykyş etmek üçin söz berildi.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary wekilçilik edýän edaralarynyň alyp barýan iş ugurlary hem-de geljekde öňde goýlan wezipeler barada Amerikan tarapyny giňişleýin tanyşdyrdy.Türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet gurluşyna has çuňňur düşünmekleri üçin günüň ikinji ýarymynda Amerika uniwersitetiniň professory Diane Lowenthalyň alyp barmagynda Federalizm barada brifing geçirildi.
Brifingde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet dolandyryş ulgamy giňişleýin beýan edildi, hususanda-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda häkimiýetiň Federal hökümet (Merkezi hökümet) bilen aýry-aýry ştatlaryň arasynda bölünendigi, munuň bolsa, ştatlara belli bir derejede özbaşdaklyk derejesini saklamaga we tutuş ýurda täsir etmeýän köp meselelere ştatlaryň çäginde gözegçilik etmäge mümkinçiligiň berýändigi, şeýle-de ýurtda geçirilýän saýlaw ulgamynyň aýratynlyklary barada bellenilip geçildi.
Duşuşygyň esasy böleginiň okuw häsiýete eýe bolandygyna garamazdan, onuň dowamynda pikir alyşmalaryň, çekişmeleriň hem bolandygyny bellemek ýerliklidir. Çeşme: education.gov.tm /* custom css */ .td_uid_15_6750468bc4702_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6750468bc4702_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }