Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde ýola goýulýar we ösdürilýär.

Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory, professor Musa Kazym Aryjan ýurdumyzda bolup, Bilim ministrliginde we käbir ýokary okuw mekdeplerinde netijeli duşuşyklar geçirdi. Şonuň esasynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň bilim ugry boýunça käbir ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlar.

Şeýle hem bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi, türkmen-italýan bilim gatnaşyklaryny täze derejä çykarar.

Bu möhüm saparlar daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetini ornaşdyrmak we öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek maksady bilen daşary ýurt dillerini okatmak boýunça okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw-usuly we ylmy-usuly gollanmalaryny, ylmy neşirleri we okuw kitaplaryny alyşmak bilen birlikde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.

Bilim ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si XX asyryň 70-nji ýyllarynyň başyndan bäri hereket edýän Times Higher Education (THE) guramasynyň World University Ranking 2025 atly uniwersitetleriň bütindünýä reýtingine habarçy-agza (Reporter) hökmünde ýörite sanawa girizildi.

Gunça KIÇIÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýaşlarynyň 2021-nji ýylda Türkiýäniň 43 ýokary okuw mekdebine okuwa girip biljekdigini tassyklady
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” guramanyň reýtingine girdi
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy, üç sany türkmen ýokary okuw mekdebi dünýä sanawyna girdi, Lebapda senetçileriň halkara festiwaly tamamlandy
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hakara üstünligi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi
2023-nji ýyl üçin Türkmenistanda diplomlary ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawy çap edildi