Bilim, Mili Düşünje Bilen Goldanan Halatynda Netijeli Bolar

Bilim, Mili Düşünje Bilen Goldanan Halatynda Netijeli Bolar

Paýtagt Ankarada 2024-2025-nji Ýokary okuw ýylynyn açylyş dabarasynda çykyş eden Erdogan, ylyma, ylmy-barlaga, bilime, düşünjä we alymlara goýulýan sarpa näçe ýokary bolsa, döwletleriň gelejeğinin hem şonça ýagty boljakdygyny beýan etdi.

2002-nji ýylda 76 sany bolan ýokary okuw jaýlarynyň sanynyn şu ýyl 208-e, talyp sanynyň 2 milliondan 7 milliona ýetendigini beýan eden Erdogan, Türkiýäniň ylmy işgär sany taýdan OEJD-ä agza ýurtlaryň hatarynda 8-nji orna göterilendigini, uniwersitetlerdäki zenan mugallymlaryň sanynyň bolsa 46,5 göterim bilen OEJD-den 1 bal ýokardadygyny aýtdy.

Türkiýäniň ylmy neşirler taýdan 29-njy orundan 17-nji orna göterilendigini ýatladan Erdogan, 198 ýurtdan gelen 340 müňden gowrak talybyň türk ylmy ojaklarynda bilim alýandygyny aýtdy.

Dünýäniň çar tarapynda Ysraýylyň Gazadaky genosidini ýazgaran talyplar hakynda-da durup geçen Erdogan; “Gazada genosid bar” diýen talyplar polisiň gysyşyna sezewar edildi, ýerlerde süýreldi.Palestina üçin ýörişleriň geçirilmegine rugsat beren rektorlara wezipeden el çekdirildi, gysyş edildi, Amerikan Kongresinde soraga çekildi.

Parahatçylykly aksiýalara gatnaşan talyplara ömür boýy iş tapmajakdyklary aýdyldy. Ýeňilje tankyda, Palestina goldaw beýanatyna rugsat berilmedi.Soinist sermaýanyň gor-goldaw ady astynda dünýäniň iň gowy uniwersitetlerinde höküm sürýändigi äşgär boldy.

Günbataryň hökümetleri Gaza genosidinde Ysraýyly goramak ugruna ygtybaryny ýitirdiler” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Trampyň ýeňişi we ABŞ…
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kataryň Emiri Türkiýede Saparda Boldy
Prezident Erdogan Saud Arabystanyna gitdi
Ýaponiýanyň Mirasdar Şazadasy Bilen Şa aýal Türkiýede Saparda Bolar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary