Bilim beýik geljegiň binýady

Garaşsyz Watanymyz okgunly ösýär we barha özgerýär. Döwletli tutumlar, asylly başlangyçlar we aýdyň maksatlar rowaçlyga beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu zatlar baky bagtyýarlygyň güwäsidir.

Watanymyz bu gün toý keşbinde. Beýik döwrüň döredijilik we gurujylyk ruhy, toý öwüşginleri gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde mese-mälim duýlup, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly ýylynda ýeten derejesine nazar aýlap, beýik ösüş-özgertmelere buýsanjymyz goşalanýar.

Bagtyýar ulus-ilimiz şanly günlerde binadyr desgalaryň açylyş dabaralaryna şaýat bolýar. Baş toýumyza çenli ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalaryň, edara binalarynyň ýene-de ençemesi ulanylmaga berler. Il-günümiziň bähbidine gönükdirilen desgadyr binalaryň gurulmagy Döwlet adam üçindir!, Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! diýen ýörelgeleriň iş ýüzünde üstünlikli amala aşýandygyny dabaralandyrýar.

Ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi.Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär diýip, belleýän hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak boýunça möhüm resminama gol çekmegi bu pudagy ösdürmek babatda örän uly ähmiýete eýedir.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň tassyklanmagy bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Çagalar baglarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmekde, bilimli, aň taýdan ösen, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmekde, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmakda, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmekde, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda agzalan Konsepsiýanyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Konsepsiýada göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, kämil bilimli, zähmetsöýer, ýokary ahlakly, hakyky watansöýüji nesliň kemala gelmegine itergi berer.Eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde ähli amatlyklar döredilen çagalar baglary, umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary ýylyň-ýylyna yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

Okamak, bilim almak bilen bir hatarda, ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini özleriniň hemişelik hemrasyna öwürmäge, sagdyn we ruhubelent bolmaga, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga giň gerimli mümkinçilikler döredilýär.Bu ugurda häzirki zaman sport toplumlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri olaryň hyzmatynda. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan, eşretli zamandan ruhlanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň.

Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň çäklerinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär.

Eziz Watanymyzda ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary peýdalanyp, bilim berlişiniň hilini ýokary derejelere ýetirmek boýunça oňyn netijeler gazanylýar. Bilim ulgamyndaky çäksiz özgertmeleri amala aşyrmak bilen, biziň baş maksadymyz ýaşlary okatmakda we bilim, terbiýe bermekde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykyp, ýurdumyzyň ösüşini mundan-da has pugtalandyrmakdyr.

Goý, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Maral ANNAŞOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Türkmenistanda talyp ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi