Koreýanyň Samsung kompaniýasynyň önümleri smartfonlaryň bazarynda öňdeligi eýeledi, bu barada Counterpoint Research halkara seljeriş kompaniýasynyň täze hasabatynda habar berildi diýip, 1prime.ru saýty ýazýar.
Netijede, koreýa kompaniýasynyň üçünji çärýekde dünýä bazaryndaky paýy 20 göterime ýetdi. Apple 16 göterim paý bilen ikinji orny eýeledi, üçünji orunda 12 göterim görkeziji bilen Xiaomi ýerleşdi. Iň meşhur smartfonlaryň ilkinji bäşligine şeýle hem Hytaýyň Oppo (10göterim) we Vivo (8 göterim) smartfon öndürijileri girdi.
Counterpoint seljeriş kompaniýasynyň bilermenleri smartfonlaryň ählumumy söwdasynyň 8 göterim kemelendigini, şol bir wagtda öňdäki çärýek döwürden 2 göterim artandygyny habar berdiler.
Bilermenler ýylyň aýagyna çenli smartfonlaryň bazarynda oňyn görkezijileriň saklanjakdygyny çaklaýarlar. Muňa iPhone 15 smartfonlarynyň bazara çykmagy we Hytaýdaky arzanlaşyklardyr Roždestwo baýramy bilen bagly söwdalar sebäp bolar.