Bilermenler dünýä energetikasynda Türkmenistanyň ornunyň pugtalanjakdygyny aýdýarlar

Bilermenler dünýä energetikasynda Türkmenistanyň ornunyň pugtalanjakdygyny aýdýarlar

Ýakyn ýyllarda dünýä energetika ulgamynda Türkmenistanyň orny görnetin pugtalanar. Bu pikir Türkmenistanyň nebit we gazy — 2023 (OGT-2023) halkara maslahatynyň umumy mejlisinde bilermenler tarapyndan beýan edildi diýip, Türkmenportalyň habarçysy habar berýär.

Türkmenistanyň Aziýanyň energetika bazarynda esasy orun eýeleýändigi we tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygy mälimdir. Geljege nazar aýlap, ýakyn on ýylda türkmen gaz gorlaryna islegiň artjakdygyna ynanýarys diýip, Baker Hughes kompaniýasynyň prezidentiniň Hazar sebiti boýunça orunbasary Ýelena Akolsewa aýdýar.

Bellenilişi ýaly, bu aýdylanlar birnäçe faktorlara bagly bolup durýar. Olaryň hatarynda barha köpelýän energiýa çeşmelerini sarp edýän dünýä ilatynyň köpelmegini, şeýle hem köp ýurtlaryň ekologiýa taýdan arassa gazyň bähbidine kömrüň ulanylmagyny azaltmak islegini görkezmek bolar.

Nebitiň we tebigy gazyň öndürilmegi uzak wagtlap zerur bolar. Halkara Energetika Guramasynyň habaryna görä, häzirki wagtda dünýäde günde bary-ýogy 104 million barrelden gowrak nebit öndürilýär. 2040-njy ýyla çenli bu görkeziji, takmynan, 15 göterim artar we takmynan, 120 million barrele barabar bolar diýip, Nebitçi-inženerler jemgyýetiniň prezidenti Medhat M. Kamal halkara forumyň barşynda aýtdy.

Şeýlelik bilen, ägirt uly tebigy gaz ätiýaçlyklary sebäpli Türkmenistan ýakyn onýyllyklarda dünýä bazaryna energetika çeşmelerini esasy üpjün edijilerden biri bolmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýär diýip, energiýa pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri Aşgabatda geçirilen halkara maslahatda bellediler.

Ösýän islegi kanagatlandyrmak üçin Türkmenistan gaz öndüriş we ulag infrastrukturasyny işjeň ýagdaýda döwrebaplaşdyrýar. Täze eksport gaz turbalarynyň gurluşygy üçin uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu Hytaýa, Hindistana we beýleki ýurtlara gaz üpjünçiligini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar
SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy
“Baker Hughes” amerikan kompaniýasy OGT-2023 forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
“Yug-Neftegaz Private Limited” OGT-2023 halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
В Ашхабале состоялась Международная конференция по экологическим направлениям ТЭК страны
В Ашхабаде пройдет международный форум в OGT-2023