Russiýaly syýasy bilermen Arkadiý Dubnow türkmen häkimiýetlerine ýüzlenme çap edip, onda Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň ykbalyny aýan etmäge çagyrdy.
Şyhmyradowy 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, şol wagt atlandyrylyşy boýunça 25-nji sanjarda bolandygy aýdylan döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýypladylar. Ol barada şondan bäri maglumat ýok.
Dubnow 23-nji maýda YouTube kanalynda çap eden ýüzlenmesinde şu ýylyň 25-nji maýynda Şyhmyradowyň 75 ýaşynyň dolýandygyny hem belledi.
“Emma bizde onuň dostlarynda, onuň aýalynda, çagalarynda we agtyklarynda Borisi ýubileýi bilen gutlar ýaly hiç hili mümkinçilik ýok.Mundan başga, biz eýýäm 20 ýyldan hem aşa wagt bäri ol barada hiç zat bilmeýäris.
Biz onuň diridigini ýa ölüdigini bilmeýäris.Eger diri bolsa, onuň ýagdaýy nähili...Eger-de ol diri däl bolsa, biz onuň haçan we nähili ýagdaýlarda ýogalandygyny bilmek isleýäris” diýip, Dubnow belledi.
Bu aralykda, “Olary diri görkeziň” diýen at bilen 2013-nji ýylda döredilen kampaniýa, hukuk goraýjy toparlaryň koalisiýasy, Boris Şyhmyradow bilen bilelikde, türkmen türmesinde ýiten hasaplanylýan ýüzden hem aşa adam babatda adalatlylygyň dikeldilmegine çagyrýarlar.