“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary Gazak bilermeni, syýasatşynas Bulat Dosumhan (ady we kakasynyň ady üýtgedildi) bilen Gazagystandaky soňky wakalar barada söhbetdeşlik geçirdi.
TH: Siz Gazagystanda bolup geçen soňky wakalara nähili baha berýärsiňiz?
BD: “Gazagystanyň halkynyň 30 ýyllap passiwliginden soňra bütin ýurtda, sebitlerde diýen ýaly demokratik protestler bolup geçdi. Bu ýurtda raýat jemgyýetiniň işjeňliginiň ösüp başlamagynyň netijesi we ahyry halk oppozisiýa syýasatçylarynyň çagyryşlaryny eşidip başladylar. Elbetde, ilatyň gedaýlaşmagy ylaýtada, koronawirus sebäpli ykdysady krizis bilen bagly meseleler köp.
Parahorlygyň giň ýaýramagy we ertirki güne ynamsyzlyk bar. Şol bir wagtda, ýurdyň ýokary kürslerindäki emeldarlary nähili elpe-şelpelikde ýaşaýandyklaryny güjeňleýärler, saýlawlary galplaşdyrýarlar we raýat jemgyýeti barada “jübi” gurluşlaryny döredýärler.
Protestler ýurdyň nebit-gaza baý, emma, ilaty garyp güzerandaky günbatar sebitlerinde başlandy. Bu sebitde nebitçiler 1000 dollara golaý, ilatyň aglabasy bolsa, 150-200 dollar aýlyk alýarlar. Adamlar syýasy özgerşikleri isleýärler. Sebäbi,olar golaýda bahalaryň galmagyny häkimiýetleriň hökmürowan häsiýeti bilen baglaýarlar”.
TH: Eýse, ýurtda başlanan asuda protestler nädili ýagdaýlarda bidüzgünçiliklere, talaňçylyklara öwrüldi?
BD: “’Elbasy’ Nursoltan Nazarbaýewiň öňki giýewi Rahat Aliýew we agtygy Aýsultan Nazarbaýew dagy eger häkimiýeti elden gidirseler, onda ýurtda dowuly, haosy döretmek wariantynyň Nazarbaýewiň töwereginde bardygyny duýdurypdylar.
Köpsanly ekspertiň pikiriçe, Alma Atyda demokratik protestleriň haosa öwrülmeginiň sebäbi, hut Nazarbaýewiň töweregi söweşiji-talaňçylary köçelere çykardylar. Hut şeýle usul 2011-nji ýylyň dekabrynda Žanözende hem ulanylypdy. Şonda haýsyda bir ýerden nebitçileriň eşigindäki ýetginjekler peýda bolupdy we olar talaňçylyk, ýangyn döredipdiler. Bu bolsa, polisiýanyň asuda demonstrançylara ot açmagyna bahana bolupdy.
Alma Atyda bolsa, polisiýanyň we beýleki ýörite gulluklarynyň hiç bir hereket etmezligi we talaňçylara garşy işjeň bolmazlygy geň galdyrýar. Hamana, kimdir biri bularyň talaňçylyk etmegine we ýangyn döretmegine päsgel bermezligi buýran ýaly”.
TH: Gazagystanlylar ýurtda bolup geçen wakalar barada maglumatlary nireden aldylar, alýarlar?
BD: “Protestler wagtynda ýurtda internet doly petiklendi.Häzir bolsa,internet gowşak işleýär we halk şol aralykda sosial ulgamlar hem whats app’ arkaly maglumatlary alyş-çalyş edýärler. Ýurdyň esasy telewideniýe kanallary ýurtdaky wakalary işjeň şöhlelendirýärler, olar demonstrasiýalar we zorluk hadysalary barada dymmadylar.
Emma, muny adaty wagyz,propaganda usulynda edýärler.Başgaça aýdanymyzda, diňe resmi we hakyky bolmadyk,surat,kartina ýaýlyma berilýär”.
TH: Sizçe prezident Kasym Jomart Tokaýew nämeüçin Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) parahatçylyk harby kontingentini Gazagystana çagyrdy?
BD: “Käbir wersiýa görä, Alma Atydaky we günortadaky käbir welaýat merkezlerinde bolan talaňçylyklar Tokaýewi hem onuň klanyny gorkuzmak üçin Nazarbaýewiň adamlary tarapyndan gurnaldy.
Hut şonuň üçin-de, Tokaýew olaryň garaşmaýan göçümini edip, KHŞG-ni çagyrdy.Gazagystanyň öz goşuny we polisiýasy demonstrasiýalary güýç bilen basyp ýatyrmak islemediler we olaryň halkyň tarapyna geçendigi barada köp waka boldy,ýagny, polisiýa toparlary demonstrasiýa geçýän ýerleri terk etdiler. Bu zatlar Tokaýewi gorkuzdy we Putinem pursatdan peýdalanyp,KHŞG-niň harbylaryny ýurda salmagy boýnuna goýdy.
Käbir wersiýalara laýyklykda,KHŞG-niň harbylaryny, esasanam, rus goşunyny ýurda girizmek we Gazagystany ýuwaşlyk bilen basyp almak üçin talaňçylyklaryň rusýanyň FHG-niň meýilnamasy boýunça Tokaýewiň buýrugy bilen gurnalan bolmagy ähtimal”.
TH: Tokaýewiň bu kararyna halk nähili garaýar we munuň prezidentiň awtoritetine zeper ýetirmegi mümkinmi?
BD: “Halkyň arasynda rejimi çalyşmak ugrundaky ilkinji synanyşyklarynyň ýurdyň garaşsyzlygyny elden gidirmek howpy bilen bagly lapykeçligini görse bolýar. Adamlar Tokaýewden juda närza. Tokaýewiň owalam toý generaly’ imiji bardy we indi ony dönük we Putiniň gurjagy diýip atlandyrýarlar”.
TH: Siziň pikiriňizçe, nämeüçin elbasy’ Nazarbaýew henize çenli hiç bir çykyş etmedi we ol nirede?
BD: “Nazarbaýewiň eger özüne ynamy bolmasa, onda syýasy krizis wagtynda gizlenmek’ endigi bar.Bu SSSR-iň dargamagyna sebäp bolan GKÇP we Belowež putçy’ wagtynda hem şeýle bolupdy.
Has dogrusy, Nazarbaýew serpmeden gaýdan ýaly’ bolan bolmaly.Ol häkimiýetiniň pany dünýäden gidýänçä eldegrilmesizligine, hatda, jynazasynyň hem dabaraly gurnaljakdygynyň üpjün edilendigine bil baglan bolmaly.
Krizisiň ilkinji güni belki-de, dekabryň ahyrlarynda Sankt-Peterburgda geçen GDA sammitinden bäri elbasy’ daşary ýurtda bolmaly.Umuman, ol daşary ýurtlarda, ol ýerlerdäki rezidensiýalarynda ýaşaýar.
Mençe Nazarbaýew 2-nji ýanwardan bäri Gazagystanda däl. Häzir ol azda-kände özüne geldi we Tokaýew hem Putin bilen öz maşgalasyna el degrilmezligi üçin söwdalaşýan’ bolmaly”.
TH: Siz geljek alty aýda Gazagystanda nähili özgerşiklere garaşýarsyňyz?
BD: Indi Gazagystanda raýat jemgiýetine, oppozisiýanyň galanlaryna garşy “nurbatlary gatyrmaga” başlarlar. Hatda, käbir sebitlerde halkyň protestlerine ýolbaşçylyk eder ýaly oppozisiýa wekilleri ýok diýmek mümkin. Rejimi tankytlaýjylaryň aglabasy ýurtdan çykaryldy,türmä basyldy, gonamçylykda ýa-da satyn alyndy.
Täze akymlaryň sanlyja aktiwistleri peýda boldy we käbir şäherlerdäki protestlere ýolbaşçylyk etdiler. Olar we halkyň öňünde çykyş edenler yzarlanmaga başlanar.Indi kimleri terrorist’ diýip görkezmek isleseler,olara garşy repressiýalar başlanar. Resmi sanlara görä, protestlere gatnaşan 8 müň çemesi adam tussag edildi. Olaryň aglabasyna garşy toslama aýyplamalar ýöňkeler.
Has dogrusy, Tokaýewiň rejiminiň hem Nazarbaýewiň rejiminiň “göreldesine”eýermegi ähtimal. Halk köpçüligi üçin bolsa, esasy azyk önümleriniň we harytlarynyň bahalaryny “doňdurmak” ýaly sosial eglişikleriň, belki-de, sosial karzlara günä geçişiň yglan edilmegi mümkin.
Emma, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň harbylarynyň tiz wagtda Gazagystandan çykyp-çykmajakdygy örän möhüm. Bu eýýäm,Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň hem garaşsyzlygyny ýitirmek töwekgelçiligi bilen bagly meseleler bolup durýar.
TH: Söhbetdeşlik üçin sag boluň! The post Bilermen: “Adamlar syýasy özgerşikleri isleýärler..” first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.