Germaniýanyň nebit-gaz kompaniýalary Wintershall Dea we VNG mawy wodorod öndürmek boýunça synag taslamasyna bilelikde maýa goýmak barada ylalaşdylar. Wintershall Dea we VNG geljekde mawy wodorod pudagy boýunça has ýakyndan hyzmatdaşlyk eder we ilkinji ädim hökmünde ekologiýa taýdan arassa wodorody öndürjek zawod gurmagy meýilleşdirýär.
Germaniýanyň iki energiýa kompaniýasy bu ugurda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi diýlip, beýanatda bellenilýär. Häzirki meýilnamalara laýyklykda, synag zawody 2023-nji ýylda işe giriziler we nominal kuwwaty günde 400 kg wodorod bolar (ýylda 5 GWt elektrik energiýasynyň öndürilmegine deňdir).
Bu desga Germaniýada mawy wodorod atly ýangyjy öndürýän ilkinji zawod bolar. Kompaniýalar eýýäm öndürilen wodorody potensial sarp edijiler hem-de zawodyň gündogar Germaniýadaky ýerleşmeli ýeri barada gepleşik geçirýärler.
Germaniýanyň we Ýewropanyň howa maksatnamalaryna ýetmek üçin 2050-nji ýyla çenli wodorod bazarlaryny tiz döretmegi zerurdyr. Biz bu karara gatnaşmak isleýäris we geljege gönükdirilen taslamalara maýa goýýarys diýlip, Wintershall Dea-nyň tehniki direktory Hýugo Deýkgraafyň sözleri beýanatda getirilýär.
Wodorodyň önümçilik usulyna we goýberilen ugleroda baglylykda, reňk boýunça şertli tapawudy bar.Täzelenýän energiýa çeşmeleri ulanylyp, suwuň elektrolizlenmegi arkaly alynýan iň arassa energiýa ýaşyl wodorod hasaplanýar.Tebigy gazdan alynýan gök wodorod hem bar.
Onuň önümçiliginde bölünip çykýan kömürturşy gazy daşky gurşawa goýberilmän, ýörite ammarlarda saklanýar.Mawy wodorod metanyň pirolizi netijesinde öndürilýär. Öndürilýän wagty atmosfera kömürturşy gazy bölünip çykýan bolsa, wodorod çal hasaplanýar.
Wintershall Dea 2019-njy ýylda Germaniýanyň BASF konserniniň hem-de rus telekeçisi Mihail Fridmanyň Letter One kompaniýasynyň nebit-gaz aktiwleriniň birleşmegi netijesinde döredildi. Wintershall DEA-da Letter One-iň paýy 33%, BASF-yňky 67%. Germaniýanyň VNG kompaniýasy gaz we gaz infrastrukturasy pudagynda işleýär we Germaniýada we Ýewropada 19 golçur kärhanasy bar. Işgärleri, takmynan, 1,3 müň adam.