Fransiýanyň “Renault” hem-de Hytaýyň “Geely” kompaniýalary deň paýly täze hyzmatdaşlyk döredip, dizel we gibrid ulaglaryň hereketlendirijilerini öndürermegi meýilleşdirýär.Täze başlangyjyň çäginde öz brendleri üçin hem, beýleki kompaniýalar üçin hem motorlar işlenip taýýarlanar we öndüriler.
Bu barada berlen maglumatda hyzmatdaşlygyň çäginde 17 sany motor hem-de beýleki bölekleriň öndürilýän zawod we üç sany ylmy-barlag merkezi gurlar.Olarda jemi 19 müň işgär zähmet çeker.
Bu baradaky doly ylalaşyk 2023-nji ýylda tamamlanar.
Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy köp wagtdan bäri benzinli ulag öndürýän bölümini aýratyn dolandyrmak isleýär. Täze ylalaşyk fransuz brendiniň bu maksadyna ýetmegindäki ilkinji ädimleriň biri bolar.
Umyt Garlyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy