Bilelikde elektrikli awtobus öndüriler

Russiýa bilen Hytaý Halk Respublikasy bilelikde elektrik togy bilen işleýän awtobus öndürmegi maksat edinýär. Russiýanyň Irkutsk oblastynyň ösüş korporasiýasy bilen Çunsin korporasiýasynyň bilelikde döretjek Çunsin Mamont Brend-Menejment kompaniýasy täze önümçilik taslamasynyň üstünde işleýär. Bu babatda 2022-nji ýylda geçirilen ykdysady forumda degişli ylalaşyk gazanylypdy. Taraplar 2025-nji ýylda bu taslamany durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Taslamanyň çäklerinde hytaýly öndürijileriň tehnologiýasy ulanylyp, elektrikli awtobuslaryň ýygnalmagy meýilleşdirilýär. Soňlugy bilen şeýle ulaglar üçin zarýad mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Çynar AKWELIÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ramsey gyş möwsümi üçin erkek kişileriň ajaýyp stilli täze egin-eşiklerini hödürleýär
80 göterimi elektroulag
Aýa gitjekler belli boldy
Gartaşan jübütler ilkinji gezek duşuşan dükanynda toý tutdy
Ussa_tm mobil goşundysyny we saýtyny täzeledi, indi ussalar özi barada bildiriş goýup bilýär
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy