Merkezi Aziýada saklanyp galan iri ýyrtyjylaryň dört görnüşiniň biri , TGHB-niň Gyzyl kitabyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyba girizilen Alynky Azyýa gaplaňynyň ýaýran sebitlerini öwrenen ylmy topara gatnaşanlar 2000 kilometrden gowrak ýol geçdiler.
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak Şalyk jemgyýeti (RSPB) bilen bilelikde guran gözegçiligine ýurduň goraghanalarynyň esasy hünärmenleri, welaýatlaryň tebigaty goramak boýunça müdirlikleriniň gözegçileri, şeýle hem halkara bilermenleri, şol sanda gar barsyny goramak boýunça çärelere gatnaşmakda ýetik tejribe toplan zoolog Tatýana Rozen dagy gatnaşdylar.
Ylmy topar Gyzyl kitaba girizilen ýyrtyjynyň ýaýran ýerlerine barlag geçirip, alajagaplaňy goramak boýunça çäreleriň onuň köpelmegine ýardam edýändigine göz ýetirmegi maksat edindi.Milli hünärmenler ýyrtyjy haýwanlara gözegçiligiň innowasion usullary, surata düşürýän duzagy gurmagyň aýratynlygy, alajagaplaňlaryň gezýän we iýmitinden artyk galyndylaryň galýan ýerlerini, olaryň gezmegi halaýan ýerlerini kesgitlemegiň usullary bilen tanyşdylar.
Hut şol ýerlerde-de surata düşürýän enjamlar oturdyldy.Bu haýwana şeýle üns berilmeginiň sebäbi, dünýäde bu üýtgeşik jandarlaryň sanynyň azlygy bilen düşündirilýär. 1990-njy ýyllaryň başyna Türkmenistanda bu ýyrtyjylaryň awlaýan jandarlary dag goçlarynyň, dag tekeleriniň we ýekegapanyň azalmagy netijesinde olaryň sany juda azaldy.
Olaryň populýasiýasynyň üzňe toparlara bölünme, hatda turan gaplaňy ýaly doly ýitip gitme howpy ýüze çykdy. Ýöne alajagaplaňlar antropogen täsire çydamly bolup çykdy.Az döwürde olar adamlar bilen bilelkdie ýaşamaga uýgunlaşdylar, olaryň iýmiti düýtgöter üýtgedi we görnüşleri artdy. “Köpetdagda alajgaplaňlaryň saklanyp galyşy” taslamasynyň netijesini jemlän ýabany haýwanlary goramagyň Bütindünýä gaznasy (WWF) 2012-nji ýylda şeýle netijä geldi.
Hünärmenelriň aýtmagyna görä, milli tebigaty goraýyş ýerleriniň işgärleriniň tagallasy bilen bu iri ýyrtyjylaryň sany artdy.Meselem, Bathyz goraghanasyna barlyp görlende toparyň agzalary Ýeroýlanduz, Kepele, Howdan, Gyzyljar, Agarçeşme uçastoklarynda haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligine göz ýetirdiler, şol ýerlerde bu ýyrtyjynyň ýaşaýan yzlaryna gabat gelindi.
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasyna degişli Sekizýapda, Marköwde, Guryhowdanda surata alýan täze duzaklar oturdyldy.Topar ilkinji gezek Uly Balkanda alajagaplaňlaryň ýaşaýan ýerlerine barlag geçirdi we gözegçilik nokatlaryny belledi.Toparyň toplan maglumatlary bu ýyrtyjynyň iýmiti bolan ýabany haýwanlaryň sanynyň artandygyny görkezdi.
Olary surata düşürmek arkaly gözegçilik etmek bolsa, Türkmenistanda Köpetdagda, Bathyzda we alajagaplaňlaryň ýaşaýan beýleki ýerlerinde olaryň sanynyň dikelýändigine aşýatlyk edýär.Barlaglaryň maglumatlary seýrek duşýan bu haýwanlaryň sanyny saklap galmak boýunça milli we sebit strategiýalaryny taýýarlamakda ulanylar.