Fransiýanyň “SocGen” maliýe edarasy hem-de ABŞ-nyň maýa goýum dolandyryş kompaniýasy “Alliance Bernstein” bilelikdäki fondy dörederler. Şeýlelikde, bank “Goldman Sachs” we “JPMorgan” ýaly maliýe edaralaryna bäsdeş bolarlar.
Fransiýanyň iri banklarynyň biri bolan “Societe Generale” hem-de “Alliance Bernstein” amerikan kompaniýasy aňsatlyk bilen nagt pula öwürmäge mümkinçilik berýän global fond döretmek isleýändiklerini mälim etdiler. “SocGen” Fransiýada “BNP Paribas”, ABŞ-da bolsa, “Goldman Sachs” we “JP Morgan” ýaly has uly we ýokary girdejili bäsdeşleriniň yzyndan ýetmegi maksat edinýär.
“SocGen”-iň beren beýanatynda bankyň bilelikdäki kompaniýanyň 51 göterimini satyn aljakdygy we geljek bäş ýylyň dowamynda 100 göterimini satyn almak hukugyna eýe boljakdygy bellenilýär. Ylalaşygyň 2023-nji ýylyň dowamynda tamamlanmagyna garaşylýar. “Bernstein” atly täze kompaniýanyň merkezi Londonda ýerleşer.
Aýjemal Azadowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby