Bileleikdäki Russiýa-Belarussiýa harby türgenleşigi başlady

Bileleikdäki Russiýa-Belarussiýa harby türgenleşigi başlady

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, harby türgenleşige Belarussiýanyň Ýaragly güýçleriniň käbir harby birikmeleri bilen Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Gündogar harby okrugyna degişli harby birikmeler gatnaşýar.

S-400 we Pantsir-S howa goranyş ulgamlary bilen 12 sany Rus Su-35 harby uçarynyň hem gatnaşýan harby türgenleşik Belarussiýanyň territoriýasynyň çägindäki Obuz-Lesnowskiý, Osipowiçskiý, Brestskiý, Gožskiý, Domanowskiý poligonlary bilen Baranowiç, Luninets, Lida, Maçulişçi howa bazalarynda geçirilýär.

Iki ýurda degişli harby güýçleriň gözden geçiriljek harby türgenleşik daşyndan hüjümleriň öňüniň alynmagy, terrora garşy göreş, serhetleri goramak we Birlik döwletiň bähbitlerini goramak maksady bilen geçirilýär.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň we Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň dekabr aýynda gazanan ylalaşyklaryna laýyklykda geçirilýän türgenleşik 20-nji fewrala çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Belarusda Harby Uçar Heläkçilige Uçrady
Lukaşenko Wagneriň Suwalki geçelgesiniň golaýyna barandygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny aýtdy
Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar
“Mamma Mia! Ine-de, täzeden başlaýarys” (Mamma Mia! Here We Go Again)
Türkmenistanly ýaş aktiwist Ömruzagyň kakasy oglunyň tussag edilmeginden soň ýogaldy
Milli we halkara bilermenleri sebitde senagat howpsuzlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar