Bi-bi-si XXI asyryň iň gowy seriallarynyň sanawyny hödürledi

Bi-bi-si XXI asyryň iň gowy seriallarynyň sanawyny hödürledi

Britaniýanyň Bi-Bi-Si ýaýlym korporasiýasy kompaniýanyň hünärmenleriniň pikiriçe XXI asyryň iň gowulary bolan 100 serialyň sanawyny hödürledi. Degişli sanaw Bi-bi-si saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.

Bu sanawda birinji orny 2002-nji ýylyň iýun aýyndan 2008-nji ýylyň mart aýyna çenli HBO teleýaýlymynda çykan “The Wire” amerikan kriminal dramasy eýeledi. Ikinji orny 2007-nji ýylyň iýul aýyndan 2015-nji ýylyň maý aýyna çenli AMC teleýaýlymynda ýedi möwsümi görkezilen “Mad Men” drama serialy eýeledi. Ol “Iň gowy drama serialy” kategoriýasynda yzygider dört Emmy baýragyny aldy.

Üçünji orunda “Breaking Bad” serialy ýerleşdi. Ol köpçülik we tankytçylar tarapyndan giň goldawa eýe boldy, şeýle-de iň gowy köp bölümli amerikan filmleriniň biri diýlip atlandyryldy. “Breaking Bad” köp sanly dürli baýraklara mynasyp boldy. Onuň bölümleri 2008-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2013-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli AMC ýaýlymynda görkezildi.

Dördünji orny “Fleabag” komediýa-drama serialy eýeledi. Onuň premýerasy 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda boldy, jemleýji möwsümi 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde tamamlandy. Sanawyň bäşinji ornunda HBO ýaýlymyndan “Game of Thrones” serialy ýerleşdi. Ol 2011-nji ýylyň 17-nji aprelinden 2019-njy ýylyň 19-njy maýyna çenli ekrana çykdy.

Top-20-e Netflix-den “BoJack Horseman” multiplikasion serialy, “Six Feet Under” komediýa dramasy, “Twin Peaks: The Return” atly amerikan teleserialynyň üçünji möwsümi, “Atlanta” komediýa-drama serialy, “Chernobyl” mini-serialy, “The Crown” taryhy dramasy, “30 Rock” komediýa teleserialy, “Deadwood” we “Lost” amerikan drama seriallary, şeýle-de “The Thick of It” satiriki serialy girdi.

Sanawy premýerasy 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda bolan Netflix-iň “The Queen’s Gambit” taslamasy jemleýär.Serial 11 sany Emmy baýragyna, şol sanda iň gowy mini-serial üçin baýraga, şeýle-de iki “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy.

Iň gowy seriallaryň reýtingini düzmäge 43 ýurtdan 206 kino tankytçysy, žurnalist, alym we telewizion pudagynda beýleki hünärmenler gatnaşdy hem-de 2000-nji ýylyň başyndan bäri çykarylan jemi 460 sany dürli taslama gözden geçirildi.

Ýene degişli makalalar

17-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler
HBO Garri Potter köp bölümli filmini surata düşürip başlar
HBO teleýaýlymy Tagtlaryň oýnunyň prikwelini surata düşürmekçi
Türkmenistanda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek boýunça ses bermek üçin uçastoklar açylar, hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlady we beýleki habarlar
Aždarhanyň öýüniň ikinji möwsümi 2024-nji ýyldan bärde çykmaz