
Türkiyäniň paýtagty Ankara şäheriniň Beýpazary etraby, taryhy we syýahatçylyk aýratynlyklary bilen birlikde aşhana medeniýeti bilen hem ünsleri özüne çekýär.
Beýpazary dolamasy we içdykmaly üzüm ýapragy etrap häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.
Dolamanyň içi tüwi, guzynyň eti, ýönekeý we poreý sogan, petruşka, ukrop, gyzyl burç, gara burç, pomidor goýutmasy, duz we limon suwy ýaly önümlerden taýarlanýar.
Dolamanyň içiniň taýarlanylyşynda limon suwunyň ýerine üzüm suwy ýa-da garalynyň pulpasy ulanylyp biliner.
Geçmişde günlük sarp edilmegi bilen birlikde toý ýa-da baýram ýaly ýörite günlerde hem hödür-kerem edilen dolamalar, sebitde ýetişýän inçe we damarsyz gurluşa eýe bolan “Ak Püskül” diýip atlandyrylýan ýapraga dolanyp bişirilýär.
Duzlanan ýaprak ulanylan mahaly, ýaprak bir gün ozal suwda garaşdyrylyp, artykmaç duzundan saplanýar we gowy edip ýuwulýar.
Dolamanyň içi ýapraga dolananyndan soň, uly gazana ýerleşdirilen dolamalar, biraz suw goşulyp pes otda 30 minut bişirilýär.
Tagam suwy we ýogurt bilen bilelikde hödür-kerem edilýär.