Beýnisine çip oturdylan adam pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrýar

Beýnisine çip oturdylan adam pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrýar

Beýnisine çip oturdylan ilkinji adam kompýuteriň syçanjygyna pikiriň güýji bilen erk etmegi başardy diýip, taslamany durmuşa geçiren Neuralink kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask habar berdi.

Öňegidişlik bar, näsag doly dikelene meňzeýär. Ol pikirlenmek arkaly syçanjygy ekranyň ýüzünde hereketlendirip bilýär diýip, amerikaly işewür, milliarder Mask gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, enjamyň işi baradaky ilkinji maglumatlar köp zady wada berýär. Işewür çipiň ilkinji nobatda el-aýaklary ysmaýan adamlar üçin döredilendigini sözüniň üstüne goşdy diýip, Reuters habar berdi.

Üstümizdäki ýylda şeýle operasiýalaryň ýene 10-syny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu barada MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Trampyň döwründe Hökümetiň işiniň täsirliligini artdyrmak boýunça ýolbaşçy bellendi
Sal Altman Maskyň 97,4 milliard dollarlyk OpenAI teklibini kabul etmedi
Mask köp ýurtlar ilat sanynyň azalmagy sebäpli ýok bolar diýip hasaplaýar
Neuralink ikinji meýletinçiniň beýnisine çip oturtmakçy
20-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti