Beýni dumany we onuň käbir tebigy bejergi usullaryny

Beýni dumany we onuň käbir tebigy bejergi usullaryny

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Beýni dumany we onuň käbir tebigy bejergi usullaryny dykgatyňyza ýetirmekçi.

Beýni dumany, kognitiw funksiýalaryň çäklenmegi hökmünde kesgitlenilýär. Adamlaryň kognitiw funksiýalarynda kynçylyk çekýändigini görkezýär we ençeme hroniki hassalyga ýoldaşlyk edýär. Beýni dumany aslyna garalanda lukmançylyk biynjalyklygy däl, diňe bir hroniki kesellerden soň ýüze çykýan simptomlardan biri. Şol simptomlar;

Ýadyň ejizlemegi, ünssizlik, konsantrasiýanyň kadasyzlygy,

Pikirleri jemlemekde we söz tapmakda kynçylyk çekmek,

Goş-golamy tapyp bilmezlik, ýygy-ýygydan goşlaryňy ýitirmek, gündelik adaty işler garyşdyrmak ýaly kynçylyklaryň ýüze çykmagy,

Karara gelmekde kynçylyk çekmek, bir işe girişmekde ýa-da ony gutarmakda kynçylyk çekmek,

Ukysyzlyk, güne ýadaw, höwessiz başlamak,

Aladaly we gaýgyly bolmak, ýaramaz pikirleriň artmagy,

Ýerliksiz gaharlanmak, aşa reaksiýa bildirmek,

Günsaýyn artýan çökgünlik duýgusynyň ruhy we bedeni gurşap almagy,

Günüň dowamynda erksiz irkilmeler, pikiriň bulaşmagy.

Beýni dumany nähili bejerilýär?

· Beýni dumanynyň bejergisinde üns berilmeli ilkinji husus, iýmitlenmedir. 3 aýyň dowamynda glýutensiz, şekersiz we süýt önümleri bolmadyk iýmitlenme düzgüni berjaý edilmeli. Şol iýmitlenme düzgüninde esasan ter bakwa we miwe önümleri, zeýtun ýagy, mesge, kokos ýaly peýdaly ýaglar, dogry belok çeşmeleri, çig iýmişler we fermentirlenen önümler saçagyňyzda bolsun.

· Hroniki stress bar bolsa, psihiki stressiňizi azaltmak we kadaly uklamak üçin lukmançylyk goldawyny almak maslahat berilýär. Uka gitmekde kynçylyk çekýän bolsaňyz melatoniniň goldawy bilen bilelikde uklamagy ýeňilleşdirji pişik oty, balzam, anason, sary kantaron ýaly ösümlikler peýdalydyr.

· Fiziki işjeňligiňizi artdyryp, açyk howada 20 minutlyk ýöriş etmegiň beýni dumanyna peýdalydygy bilinýär. Hepdäniň dynç günleri açyk howada, deňiz kenarynda, tebigy şertlerde gezim etmek hem maslahat berilýär.

Beýni dumanyna garşy göreşmek üçin;

· Dem alyş maşklaryny ediň.

· Ýöriş ýa-da beden terbiýe maşklaryny etmegi ýatdan çykarmaň.

· Mineral taýdan baý azyklary iýin.

· Suwsuz galmaň.

· Günüň dowamynda ýeterlik mukdarda belok alyn.

· Günorta naharlarynda siňdirilmesi ýeňil naharlar iýiň.

· Süýji sarp etmegi azaldyň.

· Kadaly uklamaga üns beriň.

· Çaý, kofe içmegi azaldyp, sagat 14:00-dan soň içmäň.

· Melatonin taýdan baý azykalary sarp ediň. Mysaş üçin ülje, zeýtun, zeýtun ýagy, nar, brokoli, kakadylan iýmişler, tohumlar we günebakar çigidi.

· Triptofan taýdan baý azyklary sarp ediň. Ýagny iri we kiçi şahly mallaryň eti, iýmişler, kösükliler, tohumlar maslahat berilýär.

· Içegäňiziň sağlyğyna üns beriň. Süňküň çorbasyny için, glýuten we şeker iýmäň.

· Pomidor, çaý, banan, gatyk, peýnir we sitrus önümlerini az sarp ediň.

· Omega 3 ýagyny sarp ediň. Mysal üçin balyk, balyk ýagy, hoz, semzek, çiğitler, iýmişler keten tohumy maslahat berilýär.

· Goşundy maddaly azyklary sarp etmäň.

· Işlenen uglewodlary we şekeri saçagyňyzdan aýyryň.

· Serotonin dererejesini artdyryjy iýmitlenme maslahat berilýär.

· B12 witamini taýdan baý azyklar bilen iýmitleniň (balyk, deňiz önümleri, ýumurtga, kömelek, bagyr.

· Çilin çekmäň.

· Kadaly maşk ediň.

· Ýoga we meditasiýa bilen meşgullanyň.

· Stress bilen göreşmegi öwreniň.

Beýni dumany nähili aýrylar?

Stressi kadaly gönükdiriň.

Depressiýalaryňyz bar bolsa bejergi alyn.

Kadaly uklamagy üpjün ediň.

Witamin we mineral taýdan ýetmezçilikleri ortadan aýyryň.

Gormonal biynjalyklaryňyz bar bolsa bejergi alyn.

Içege florasyny kadalaşdyryň.

Maşk etmegi ýatdan çykarmaň. Omega 3 almagy ýatdan çykarmaň.

Ýene degişli makalalar

Beýni dumany we onuň käbir tebigy bejergi usullaryny
Zeýtun ýapragynyň çaýynyň peýdalary…
Ertirlik naharyny edinmegiň peýdalary…
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Ýadyň güýçlenmegi üçin tebigy maslahatlar…