“Ylmy-barlaglar Çyn-Maçyn bilen Ortaýer deňiz döwletlerini birikdiren Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň Taklamekan sährasyndan başlap, esasan, iki ugur boýunça hereket edendigini tassyklady: Birinji ugur Demirgazyga sary rowana bolup, Týanşanyň ugry bilen Tarim derýasy boýunça Kaşgara, soňra Pamir dagynyň üsti bilen Fergana jülgesine, Samarkant etraplaryna, Amula, soňra Amyderýanyň aşak akymy bilen Aral deňzine, Wolganyň aşak akymlarynyň üsti bilen Gara deňziň Demirgazyk etraplaryna we ondan aňyrky sebitlere uzap gidýär.
Ikinji ugur Günorta bakan öwrülip, Kunlun dagynyň demirgazyk ýapgydynyň ugry boýunça Hotana, Ýarkende, Baktriýa, Türkmenistanyň çäklerinden geçip, Gekatompile, Ekbatana, soňra bolsa Ahemeniler döwletiniň çäginden geçip, Siriýa döwletine tarap uzap gidýär. Ýoluň Türkmenistandan geçýän ýene-de bir şahasy Demirgazyk Hindistana, başga bir ugry Hazar deňziniň üsti bilen Günbatar döwletlerine baryp ýetýär.
Görnüşi ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollary, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär.Keremli topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk ýollary, ykdysady hyzmatdaşlyk ýollary, syýahatçylyk ýollary yklymlara tarap ynamly gadam basýar” diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda Beýik ýüpek ýolunyň taryhy ugry we ähmiýeti barada giňişleýin durup geçýär.
Bu ýol yklymlary söwda we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşdyran ýoldur.Bu ýoluň taryhy ähmiýeti, onuň ugrunda ýerleşen Bütindünýä miraslaryny öwrenmek döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biridir. 2022-nji ýylyň 10-njy hem-de 24-nji martynda geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Bütindünýä miraslaryna syýahat” atly webinar-maslahat hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenmeklige bagyşlanyldy.