Häzirki transýewraziýa söwda-ykysady we medeni köprüleriň gadymy nusgasy bolan Beýik Ýüpek ýoly üýtgeşik özboluşlylygy bilen alymlaryň, ýazyjylaryň we nakgaşlaryň hyýalynda dürli pikirler oýarýar. Muňa taryhyň şanly sahypalaryny beýan edip, özleri hem ýurtlar we yklymlar boýunça gyzykly sýahatlara wirtual gatnaşýan žiwopisçileriň eserleri-de şaýatlyk edýär. Tomaşaçynyň ünsüni özüne çeken eserler, oňa şol döwrüň belentligini duýmaga ýardam edýär.
Paýtagtymyzyň sergi merkezinde türkmen nakgaşlarynyň Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan žiwopis eserleriniň sergisi açyldy.Ol Şemşat Mämmedowanyň “Änew metjidi” atly işi bilen açylýar.Suratda awtor taryhy-- medeni mirasyň simwoliki münberinden ak mermere bürenen Aşgabadyň kaşaň gözelligine garap, geçmiş bilen häzirki döwri birleşdirýär.
Surat bizi gadymy döwürlere syýahata atarýar, şol döwürde nemes barlagçysy Ferdinand fon Rihtgofeniň jaýdar belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoly pederlerimiziň durmuşynda juda wajyp ähmiýete eýe bolupdyr. Şäherlere çar künjeklerden gelenler olaryň durmuşyna öz ýurdunyň özboluşly medeniýetiniň röwüşlerini goşup-garyp, olaryň dünýä baradaky bilimlerini baýlaşdyrypdyrlar.
Diňe bir harytlar özara alşylman, eýsem senetçilik önümçiliginiň syrlary, syýasy maglumatlar, mental täzelikler hem alşylypdyr.
“Kerwensaraý” suratynda argaşçylaryň ýol ugrundaky şäherleriň birine giren pursady beýan edilýär. Onuň awtory Rejepberdi Muhammedow şäher ilatynyň argyn ötegçileri hormat-sarpa bilen garşylaýşyny görkezýär. Nakgaş şol döwre mahsus dessurlary we durmuş gurluşyny täzeden dikeltmegi başarypdyr. Suratyň gahrymanlary—ötegçilerem, düýelerem uzak ýoldan aryp gelipdirler. Nakgaş ony aglaban çal reňkde beýan edipdir.
Kerwençiler köplenç zehinli we bilimli adamlar bolupdyr. Olar öz gatnaýan ýollarynda köp zatlara duş gelipdirler. Adatça olar birnäçe dil bilipdirler—ýogsa gatnaşyklary neneň ýola goýjak? Olaryň arasynda dilewarlar hem bar eken, olar ýerli ilata gyzykly wakalary we rowaýatlary, gaýry ýurtlaryň gözel binalary, dürli röwüşli tebigaty barada gürrüň beripdirler.
Işanguly Işangulyýew “Sinhuandao dagy” işinde Hytaýa kerwençiniň gözi bilen bakýar. Ol üýtgeşik arhitektura binasyny—ençeme kilometre uzap gidýän Beýik hytaý diwaryny şekillendiripdir. Suratyyň sag burçunda gözel landşafta höwes bilen syn edip duran atlylar çekilipdir.
Ýene şol nakgaşyň “Hytaý tebigaty” suratynda birnäçe ýalňyz daragtly dag manzary çekilipdir.Weýran bolan gyzylymtyl üýtgeşik gaýalar, olara meňzeş egri ösen daragtlaryň keşbi hut şu ýurda mahsus usulda beýan edilipdir.
Işanguly Işangulyýewiň bu nanzary çekende ony ençeme asyr mundan ozal, belki, bu ilde ýaşaýan adamlaryň geň-enaýy durmuşy barada gürrüň beren kerwençileriň biriniň nukdaý-nazary bilen şekillendiren bolmagy hem mümkin.
Şeýle bolsa-da, kerwençileriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlara töwekgelçilikli syýahatynyň esasy maksady söwda bolupdyr.Harydyňy haýyr görüp satmak—her kese başardýan iş däl.Telekeçilik başarnygy ilden saýry ýurt aşyp ýören gezende täjirler ykdysady diplomatiýanyň düýbüni tutupdyrlar.
Gadym döwürlerden bäri senetçiler, daýhanlar we maldarlar öz harytlaryny gündogar bazaryna getiripdirler, alyp-satarlar bolsa, harytlara isleg bilen talabyň aratapawyndan haýyr görmäni başarypdyrlar.Bir-biri bilen utgaşykly iki mowzuk—Beýik Ýüpek ýoly we gündogar bazary—tematiki sergide goýlan eserlerde öz beýanyny tapypdyr.
Berdisähet Gurbansähedowyň “Köne teke bazary” suratynda harydyny aljylara teklip edýän söwdagärleriň adaty iş güni şekillendirilipdir.Onda biz depe bolup ýatan garpyz üýşmegini, satyjyny, onuň wepaly hemrasy alabaýy, şeýle hem başga bir satyjynyň içi bugdaýly horjunyny görýäris.
Satyjylaryň gapdalynda şol döwrüň esasy ýük ulagy bolan düýeler, olaryň aýagyna bulaşyp ýören bilesigeliji geçiler bar.Alyjy bilen satyjynyň arasynda gadymdan galan ýörelgeler hereket edýär.Mysal üçin, birinji alyjyny boş göýbermeli däl, ýogsa şol gün garaşýan girdejiň gelmez diýilýär. Şonuň üçinem satyjy ilkinji alyjynyň göwnüni tapjak bolup, harydyň bahasyny düşübildiginden düşüpdir, artygrak çekipdir.
Gündogar bazary baradaky gürrüňimizi Kössek Nurmyradowyň “Teke bazar” atly işi bilen tamamlamakçy, onda bu nakgaşa mahsus usulda gyzyl-sary reňkli miuniatýurada keşde gaýalýan sapakalrdyr beýleki matalary satýan zenanyň töweregine harytlary gözden geçirýän alyjylardyr obadaşlary barada täzelikleri gürrüň berýän tanyşlary egelenip dur. Çünki gündogar bazarynda diňe haryt satylyp- alynman, eýsem bu ýerde köne tanyşlaryň gabat gelýär, täze tanyş tapylýar... Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň halk nakgaşy Şamuhammet Akmuhammedowyň “Telpek satýanlar” atly eserler tapgyry ýada düşýär, onda gündogar bazaryň filosofiýasy nepislik bilen beýan edilýär, bu ýerde ilki bilen söhbetdeşlik öňe çykyp, söwda ikinji orna geçýär.