Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphananyň guramagynda Beýik Ýeňiş mizemez hatyra atly söhbetdeşlik geçirildi.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş köp sanly gahrymanlarymyzyň bilelikdäki ýeňşidir. Bu günki günde Ýeňiş üçin janlaryny orta goýan ata-babalarymyzyň edermenligini, gaýduwsyzlygyny ebedileşdirmek üçin ähli tagallalar amala aşyrylýar.
Raýatlarymyz öz gahrymanlaryna çuňňur sarpa goýup, weteranlara, esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylyň zähmetkeşlerine aýratyn üns we hormat bilen garalýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk gahrymanlary döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandyr. Weteranlaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Çäräniň ahyrynda taryhda Watan üçin janlaryny pida eden gerçeklerimizi sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.