Açyk güýz güni. Ýaşyllyga bürenen seýilgäh. Köçe sazandasy gitara çalýar, saz owazy töwerege ýaýraýar. Bu Amerikanyň bir şäheri bolup, ol ýerde birnäçe aýlap dowam eden aladalardan we umytsyzlykdan soň, Gazagystandan gelen garagalpak aktiwistleri ornaşdylar.
— Bar zat gowy. Ýagdaýymyz örän oňat. Indi men azat adam! — diýip, ABŞ baran dört etniki garagalpagyň biri Tileubike Ýuldaşewa Azatlygyň Gazak gullugyna gürrüň berýär.
Tileubike seýilgähde oturyp, saz diňleýär. Uzak wagtdan soň, agyr günler yzda galandyr diýip umyt edip, ilkinji gezek özüni howpsuz duýýar.
ENÇEME AÝLAP TUSSAGLYKDA WE OKEANA ÇENLI UZAK ÝOL
2022-nji ýylyň noýabr aýynda garagalpak aktiwisti Ýuldaşewa Gazagystan-Russiýa serhedinde saklandy: ony özbek häkimiýetleri "konstitusion gurluşy bozmakda" aýyplap, halkara gözleg sanawyna girizipdir.
2020-nji ýyldan bäri Gazagystanda ýaşaýan Ýuldaşewa Aktöbedäki deslapky tussaghanada tutuş bir ýyllap oturdy. Ekstradisiýa tussaglygyndaky 12 aý möhleti oňa bakylyk bolup göründi...
Ahyr soňy Astana ony Daşkende bermedi. Ýöne Ýuldaşewanyň haýyş eden gaçybatalgasyny hem bermedi.
Tileubike alasarmyk ýagdaýdady. Ol hem Gazagystandaky beýleki ildeşleri bilen birlikde, taryhy watanyndaky demonstrantçylary goldamak üçin çykyş edipdi.
2022-nji ýylda Garagalpagystanyň özygtyýarlygy we Özbegistandan aýrylmak hukugy baradaky maddalaryň Konstitusiýadan aýrylmagyna garşy Nukusda müňlerçe adam parahatçylykly protestlere çykdylar. Köpçülikleýin protestler häkimiýetler tarapyndan rehimsiz basylyp ýatyryldy. Resmi maglumatlara görä, 21 adam ýogaldy, 200-den gowrak adam ýaralandy.
Şol ganly wakadan soň, Özbegistan halkyň pikirini nazara aljakdygyny aýdyp, Konstitusiýadaky jedelli özgerdişlikden ýüz öwürdi. Emma garagalpaklara ýeňşi bellemäge mümkinçilik bolmady: sebitde basyşlar başlanyp, häkimiýetler ýüzlerçe aktiwisti tussag edip, protestçileri agyr jezalandyryp başlady.
Protestçileriň liderlerinden biri, aklawçy we "El Hyzmetinde" gazetiniň baş redaktory Dauletmurat Täjimuratow "konstitusion gurluşy ýykmaga synanyşmakda", "köpçülikleýin gozgalaňlary guramakda", "häkimiýeti ele geçirmek üçin dildüwşük guramakda" aýyplanyp, 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Kazyýet diňlenişiginde onuň tussaglykda gynamalara duçar edilendigi baradaky arzasyna-da, halkara adam hukuklary guramalarynyň ony derhal boşatmak çagyryşlaryna-da üns berilmedi.
Bu pajygaly wakadan soň Daşkent gozgalaňlary guramakda daşarky güýçleri aýyplady.Gazagystanda ýaşaýan garagalpaklar repressiw maşynyň aşagyna düşdüler, Ýuldaşewa olardan birisi.Naharhanada işleýän sada zenan soňky on ýylyň ortalarynda, işjeň hereket edip başlan wagty özbek häkimiýetleriniň nazaryna ildi.
Tileubike Garagalpagystanyň garaşsyzlygyny talap edýän ýygnanyşyklary goldap, häkimiýetleri adam hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.Tizden ol kynçylyga duş gelip, goňşy Gazagystana gitmegi karar etdi.
Tileubike Ýuldaşewadan başga-da, soňky ýyllarda Gazagystanda ýaşaýan onuň watandaşlary Žangeldi Žaksymbetow, Ziuar Mirmanbetowa, Raisa Hudaýbergenowa, Koşkarbaý Töremuratow 2022-nji ýylda Daşkendiň haýyşy boýunça, ekstradisiýa höküm edilmegi üçin saklandylar.
Aktiwistler "konstitusion gurluşy bozmak” baradaky aýyplamalary ret edip, diňe sosial ulgamynda öz pikirlerini beýan edendiklerini we Garagalpagystanyň özygtyýarly respublika statusyndan mahrum etmek baradaky düşünjä garşy çykýandyklaryny aýtdylar.Olaryň bäşisi-de bir ýyl tussaglykda saklandylar.
Gazagystanyň jenaýat işi kodeksine görä, başga döwletiň özüne berilmegini talap edýän adamyň tussaglykda saklanmagy 12 aýlap mümkin.
Koşkarbaý Töremuratow 2023-nji ýylyň oktýabrynda Ýewropa gidip, Warşawada geçirilen adam hukuklary boýunça konferensiýada çykyş edip, öz watanyndaky repressiýa barada aýtdy. Häzirki wagtda ol Polşa hökümetinden, gaçybatalga sorap beren arzasynyň kararyna garaşýar.
Tileubike Ýuldaşewa ýaly Žangeldi Žaksymbetow, Ziuar Mirmanbetowa we Raisa Hudaýbergenowa hem maşgalasy bilen Almatydan Stambula we ondan hem ABŞ-a uçdular.
— Beýik döwlet bizi, meni we watandaşlarymy saýasyna aldy — diýip, Tileubike Ýuldaşewa aýdýar. — Amerikan topragyna aýak basýançam, aladada boldum. Özbek tarapy bizi islendik wagt ogurlap bilerdi. Ygtybarly çeşmeleriň maglumatyna görä, 15-nji oktýabrda Almatydan Stambul şäherine çenli biziň bilen bir uçarda özbek howpsuzlyk gullugyndan adamlar uçupdyr (Azatlyk bu beýannamanyň dogrulygyny barlap bilmeýär Red.).
ADAM HUKUKLARYNY GORAÝJYLARYŇ WE HALKARA GURAMALARYNYŇ TAGALLALARY
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist, Wenada ýerleşýän Freedom for Eurasia ("Ýewraziýa üçin azatlyk") toparynyň ýolbaşçysy Leýla Nazgül Seýitbek amerikaly diplomatlaryň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň, BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygynyň we Gazagystanyň Adam hukuklary boýunça býurosynyň tagallalary netijesinde, garagalpak aktiwistleriniň ABŞ gitmeginiň mümkin bolandygyny Azatlyk Radiosyna mälim etdi.
— Olar ýerli adam hukuklary boýunça guramalar we migrasiýa edaralary tarapyndan (ABŞ-da) ýerleşdiriler. Olar üçin ýerli dokumentler düzediler, okuwlary geçirerler we iş tapyp bererler. Özbek häkimiýetleriniň howpy sebäpli, olaryň nirede ýaşaýandygy gizlin saklanmaly — diýip, Nazgül Seýitbek aýdýar.
Garagalpak aktiwistleriniň wizalary we beýleki dokumentleri bilen bagly meseleler alty aýyň dowamynda çözüler. Bu döwürde olar dil derslerine gatnap, iňlis dilini öwrenerler.
— Gazagystana minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Hawa, biz bir ýyllap tussaglykda oturdyk. Emma bizi äkitmediler, üçünji ýurda gitmäge rugsat berip, biziň durmuşymyzy goradylar. Bizi Özbegistana beren bolsalar näme boljagyny bilemok — diýip, Tileubike Ýuldaşewa belleýär.
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist, Gazagystanyň Adam hukuklary boýunça býurosynyň direktory Denis Jiwaga garagalpaklar Özbegistana ekstradisiýa edilse, "olaryň ykbaly erbet bolardy" diýýär.
Býuronyň aklawçylary garagalpak aktiwistlerine gaçybatalga soramak işlerine kömek etdiler. Ret edilen halatynda, kararlara arz etmek üçin, kazyýetde dokumentleri ýygnadylar.
— Olar gaçgak statusyny almadylar, ýöne olara prosedura girmäge mümkinçilik berildi, ekstradisiýa işini durzup bildiler, ähli derejedäki edaralara ýüz tutmaga, arza-şikaýat etmäge mümkinçilik berildi — diýip, Jiwaga Azatlygyň Gazak gullugyna teswir berdi. — Men adam hukuklary aktiwisti hökmünde, gazak häkimiýetleriniň özlerini azyndan bir işde halkara hukuklaryny berjaý edýän we adam hukuklaryny goraýan ýurt hökmünde görkezendigine begenýärin.
GAZAGYSTANDA ÝENE-DE ÜÇ GARAGALPAK, ŞOL SANDA DIASPORANYŇ LIDERI TUSSAGLYKDA
Garagalpak diasporasynyň lideri Akylbek Muratbaý (Muratow) Almatyda ekstradisiýa tussaglygynda saklanýar. Ol 2024-nji ýylyň fewralynda Özbegistanyň soramagy boýunça tussag edildi. Aktiwist "konstitusion gurluşy bozmakda" we "gozgalaňlara çagyrmakda" aýyplaýar. Gazagystan oňa gaçybatalga bermekden boýun gaçyrdy.
Nukusda bolan gan döküşikli wakadan soň, Muratbaý öz watanynda adam hukuklary hakyndaky meseleleri ýokary galdyrdy we Nukus wakalary barada açyk barlag geçirilmegini talap etdi.
Garagalpak aktiwistleri tussag edilenden soň, ol gopgun turzup, žurnalistlere we adam hukuklary boýunça aktiwistlere ýüzlendi. Muratbaý diasporanyň adyndan, Ýewroparlamentiň deputatlaryna we halkara adam hukuklary toparlaryna birnäçe hat ýazandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Denis Jiwaga Muratbaý bilen bagly ýagdaýyň sag-salamat çözüljekdigine umyt edýär, ýöne bu barada aýtmagyň entek irdigini, aktiwistiň heniz türmede oturandygyny nygtaýar.
Gazagystanda ýene-de iki etniki garagalpak ekstradisiýa tussaglygynda saklanýar, olar Özbegistanyň graždanlary Rinat Utambetow bilen Rasul Jumaniýazow.
ABŞ gelen garagalpak aktiwistleri Gazagystanda tussaglykda galan watandaşlarynyň ykbalyna alada bildirýärler. Olar adam hukuklary boýunça halkara guramalaryna arza ýazyp, bu ýagdaýa goşulmaga we öz pikirdeş ýoldaşlarynyň Özbegistana berilmeginiň öňüni almaga çagyrýarlar.
— Biz henizem halkara guramalary bilen aragatnaşykda. Sebäbi Özbegistanda adam hukuklary bozulýar. Nukus wakalary entegem barlanylmady. Öz halkynyň azatlygy ugrunda göreşen Dauletmurat Täjimuratow we beýleki syýasy tussaglar türmede — diýip, Tileubike Ýuldaşewa aýdýar. —Garagalpagystanyň erkin ýurda öwrüljekdigine mende hiç hili şübhe ýok. Biz haçanam bolsa bir gün watanymyza dolanarys.
Emma häzirlikçe ol ABŞ-da, täze şertlere öwrenişýär. Öz watanyndan 10 müň kilometr uzaklykda oturyp, Garagalpagystanyň uç-gyraksyz giňişliklerini küýseýär. Dogduk mekany Nukusda bäş ýyldan gowrak wagt bäri bolmady.
— Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda Igor Sawitskiniñ adyny göterýän sungat muzeýi bar. Muzeýiň ýanyndaky meýdançada gezim etmegi halaýardym. Ol ýerde Garagalpagystanyň uly baýdagy pasyrdaýar. Garyndaşlarym maňa jaň edenlerinde, men hemişe olardan şol meýdançany telefonda görkezmegi haýyş edýärin — diýip, Tileubika özüniň başpena gözleýän amerikan şäherindäki seýilgähde oturyp, göwün küýsegini aýdýar. — Şol meýdança häzirem meniň hyýalymda...
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.