“... Beýik dagyň etegindäki uly saýaly baglar“

Aşgabat (ozal Ashabad diýlen) şäherinde bag zolaklaryny we seýilgäghleri döretmek işi onuň düýbi tutulan ilkinji günlerinden başlanypdyr. Aşgabatdaky şäher jemgyýetçilik bagy häzirki “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähi 1887-nji ýylda döredilmäge başlanýar. Ol Merw (häzirki Magtymguly şaýoly), Annenkow (häzirki Türkmenbaşy şaýoly) we Daşköpri (häzirki G. Kulyýew) köçeleriniň çatrygynda ýerleşipdir. Bu ýerde tutuş ýurda ýaýratmak üçin nahallar hem ýetişdirilipdir.

Eýýäm, 1889-ny ýylda Gyzylarbat şäherine (Serdar ş.) aýlantanyň (porsy agajyň) 4000 düýbi we ak akasiýanyň 500 düýbi iberlipdir.Russiýanyň Bagbançylyk jemgyýetiniň agzasy A.A. Çernoglazowyň hasabatynda Aşgabatda şäher bagyny döretmek meselesi barada: “Bagda bezeg ösümliklerinden başga ekiljek daragtlar, elbetde, howa şertlerine uýgunlaşdyrmak babatda ylmy gyzyklanma döredip biler.

Bagda nahalhana zerur, onda miweli gyrymsy agaçlaryň (malina, kryžownik, ýertudanasy we beýlekiler) birnäçe görnüşiniň bolmagy gerek; soňra dürli sortly miweli daragtlaryň, meselem, hoz, injir we beýleki daragtlaryň, üzümiň 40-50 görnüşleriniň bolmagy maksadalaýykdyr.

Mundan başga-da, ýerli howa şertlerine uýgunlaşmaga ukyply bezeg daragtlarynyň we gyrymsy agaçlaryň 100-120 görnüşi bolmalydyr”-diýlip bellenilýär.

1890-njy ýylda şäher bagy Ashabat uýezdiniň dolandyryş edarasynyň ygtyýaryna berilýär. Şol wagtlar bag ekilende we onuň nahalhanasynda agaçlaryň görnüşleriniň 17-si bolupdyr. Şonuň ýaly-da, şäher bagynda 1893-nji ýylyň ýazynda esaslandyrylan Ösümlikleriň we haýwanlaryň howa şertlerine uýgunlaşmak jemgyýetiniň Ashabad botanika-howa şertlerine uýgunlaşyş stansiýasynyň tejribe-synag bölümçesi ýerleşdirilipdir. 1895-nji ýylda ösümlikleri howa şertlerine uýgunlaşdyrmak işi Zakaspi oblastynyň tokaý bölüminiň müdiri D.A.

Morozow tarapyndan geçirilipdir .

Ilkinji suw geçirijileriniň çekilmegi bilen agaç nahallaryny oturtmak işi giň gerim alýar.Eýýäm, 1904-nji ýylda şäheriň dürli künjeklerinde gezelenç zolaklarynyň düýbi tutulýar.Demir ýoluň seýilgähiniň haçan döredilendigini takyk anyklamak başartmady, eger onda ekilen agaçlardan çen tutsaň, onda bu seýilgähiň düýbi baryp ХIХ asyrda tutulypdyr diýse bolar. 1957-nji ýylyň barlaglarynyň maglumatlaryna görä, seýilgähiň düzüminde daragtlaryň we gyrymsy agaçlaryň 29 görnüşi bolupdyr.

Demirýolçularyň seýilgähi Aşgabat şäheriniň özi bilen ýaşytdaş tut agajynyň ösýändigi bilen aşgabtlylaryň arasynda meşhurdyr.Ol 1896-njy ýylda ekilipdir.

ХХ asyryň başynda Aşgabatda iki sany seýilgäh zolagy bardy: biri 0,5 desýatin meýdanly 1893-nji ýylda esaslandyrylan Puşkin adyndaky, beýlekisi 1 desýatin meýdana golaý Kozelkowskiý seýilgäh zolagydy.Mundan başga-da, meýdany 1,5 desýatina golaý bolan Frunze we Podwoýskiý (häzirki Bitarap Türkmenistan şaýoly) köçeleriniň golaýynda meýdany 1,5 desýatin uly bolmadyk bag bardy.

Kozelkowskiý skwerinde 1892-1900-njy ýyllarda nahalhana bolup, onda dürli daragtlaryň nahallary ösdürilip ýetişdirilipdir.Arçabil (ozalky Pöwrize) jülgesi tebigy bag zolagynyň iň bir ajaýyp ýerleriniň biri bolup durýardy.

Zakaspi ülkesinde döredilen ilkinji metbugat serişdeleriniň biri bolan “Ashabad” gazetiniň 1900-nji ýylyň 4-nji iýulynda çykan 186-nji sanynda

habar bermegine görä, bu ýerde medeni dynç-alyş seýilgähi açylypdyr.Gazetde: “...Ozalky kerwensaraýyň we kürtleriň berkitmesiniň berbat bolan harabalygynyň ornunda ajaýyp gülüstanly we suw çüwdirimleri bolan jemgyýetçilik bagy döredildi.

Bagyň merkezi meýdänçasynda tans etmek üçin üsti ýapylgy ajaýyp pawilýon gurlup, edil ýaňyrak ulanmaga berlidi.Derýajygyň gyralary bilen gezelenç etmek üçin ýodajyklar edildi we gezelenç edýänleriň dynç almagy üçin oturgyçlar goýuldy. Şu ýyl bolsa, şeýle bir uly tölegi bolmadyk, aşagyna daş düşelip, sementlenen giň we ajaýyp howuz guruldy.

Howzuň gabarasy we çuňlugy onda diňe suwa çümüp çykmak üçin däl, eýsem ýüzmäge-de mümkinçilik berýär.Howza suw yzygiderli gelip we ondan akyp çykyp gidip dur;...”-diýip belleýär.

XIX asyryň ahyrlarynda Zakaspi oblastynda ilkinji ýörite we orta hünär mekdepleri döredilýär. 1892-nji ýylda Köşide Aşgabadyň bagçylyk, bakjaçylyk we ýüoekçilik mekdebi açylýar.Ol dünýewi häsiýete eýe bolup, onda türkmenler bilen birlikde beýleki milletleriň hem wekilleri okaýardylar.

Bu mekdep Russiýanyň dürli tokaý hojalyklary bilen aragatnaşyk saklap, ol ýerlerden Aşgabada arça nahallary ugradylypdyr. Öz gezeginde, Aşgabatdan Russiýanyň tokaý hojalyklaryna bezeg we gyrymsy agaçlaryň 1150 görnüşi iberilýär.Fransiýa, Italiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Germaniýa we beýleki daşary ýurtlardan dürli ösümlikleriň tohumlary getirilýär.

Mekdep Zakaspi oblastynyň çäginde hem uly abraýa eýe bolupdyr, köplenç uýezd ýolbaşçylary nahallaryň we tohumlaryň dürli görnüşlerini ibermegi haýyş edipdirler.

Ashabad şäherindäki bagçylyk, bakjaçylyk we ýüpekçilik mekdebiniň üstünlikli alyp barýan işleriniň netijeleri oba hojalyk sergilerinde birnäçe gezek görkezilip, meselem1896-njy ýylda Nižniý Nowgorod şäherinde, 1900-nji ýylda Parižde, 1909-njy ýylda Daşkentde geçirilen oba hojalyk sergilerine gatnaşýar we sylaglara mynasyp bolýar.

Mekdep oba hojalygy üçin derejeli hünärmenleriň onlarçasyny taýýarlady.Türkmenistanyň görnükli döwlet işgärleri A.Ilbaýew, H.Sähetmyradow, D.Mämmedow we beýlekiler şu mekdepde okapdylar.Häzirki wagtda bagçylyk mekdebiniň ýerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika bagy we Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersiteti ýerleşýär.

1897-nji ýylda syýahatçylar Olsufýew we Panaýew dagy şäher barada şeýle ýazýarlar: “Serediň, Ashabad, - diýip, bize aýtdylar, - we biz beýik dagyň eteginde uly saýaly baglary gördük. Käbir ýerlerden jaýlaryň üçekleri görnüp gidýärdi we diňe kiçiräk ybadathananyň jaňy ýaşyl dona bürenip oturan şäheriň baglarynyň üstünden ýeke özi belende galyp durdy".

Häzirki wagtda ak mermere bürenen gözel Aşgabat diňe bir binägrlik merjeni bolman, eýsem üýtgeşik seýilgäh toplumlary we türkmen paýtagtynyň daş-töweregini gurşap alan emeli tokaýlary hem-de al-ýaşyl öwüsýän bezeglik baglarydyr çüwdürimler toplumlary bilen ozalkysy ýaly syýahatçylary haýran edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýakyn taryhyň çatrygynda: Türkmen metbugatynyň irki sepgitleri (3-nji bölüm)
Ýakyn taryhyň çatrygynda (4-nji bölüm): Irki Aşgabadyň hronikasy
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama
Türkmentel-2023 halkara ylmy maslahaty birnäçe ugurdaş çäreler bilen utgaşdy
Aşgabatda GDA-nyň sebit aragatnaşygy we maglumat boýunça bilelikdäki mejlisi geçirildi