Beýik Britanniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hýu Stenli Filpott diplomatiýa gullguyndan çekilýar.
Onuň ýerine Lýusiýa Waýld bellendi diýlip Britaniýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär. Ol 1-nji noýabrdan öz wezipesine girişer.
Mundan öň Lýusýa Waýld Brianiýanyň saglygy saklaýyş we sosial gorag departamentinde işläpdi.
2008-2011-nji ýyllarda Britaniýanyň Kabuldaky we Britaniýadaky ilçihanalarynda işläpdi.
Stenli Filpott Türkmenistanda ilçilige 2019-njy ýylyň sentiýabryndan başlapdy.
2020-nji ýylyň dekabrynda diplomat öz “Twitter” hasabynda “fiziki dünýäde” ýaýran wirusdan soňra “özüne gelýändigini” ýazypdy.
2020-nji ýylyň fewralynda Filpott öz rezidensiýasyndaky aýdym-saz gijede meşhur “Türkmen sährasy” aýdymy ýerine ýetiripdi.
Şol ýylyň 11-nji dekabrynda, Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda diplomat özüniň “ÝuTube” kanalynda bu aýdyma klip goýupdy.
The post Beýik Britaniýanyň Türkmenistanda täze ilçisi bellendi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.