Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Mälim bolşy ýaly, şu hepdäniň dowamynda Ýewropanyň, galyberse-de dünýäniň ykdysady taýdan iň ösen ýurtlarynyň biri bolan Beýik Britaniýada täze Premýer-ministr wezipesine girişdi.Doly ady Aleksandr Boris de Pfeffel Jonson Birleşen Patyşalygyň 77-nji Premýer-ministridir.Boris Jonsonyň wezipesine girişmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz hem-de dünýäniň ençeme ýurtlarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.Milli Liderimiz Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny mälim etdi.Beýik Britaniýanyň ozalky daşary işler ministri Boris Jonson 23-nji iýulda Konserwatiw partiýanyň täze başlyklygyna saýlandy.

Konserwatiw partiýanyň agzalary tarapyndan berlen ses berlişigiň netijesinde, ol ýurduň daşary işler ministri Jeremi Hantdan ozup, birinji orny eýeledi.Jeremi Hant 46 müň 656 sese, Boris Jonson bolsa, iki esse köp, 92 müň 153 sese eýe boldy.

Biz Beýik Britaniýa bilen ýewropaly hyzmatdaşlarymyzyň arasyndaky dostlugy we erkin söwdany gorap, howpsuzlyk we goranmak babatdaky özara hyzmatdaşlyklarymyzy dowam etdireris. Ýurduň ykdysady ösüşine täze itergi bereris.Bize täzeçe çemeleşmäge mümkinçilik berýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, öňde goýan maksadymyza ynamly ýeteris diýip, partiýanyň täze saýlanan ýolbaşçysy aýtdy.

Boris Jonsona Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron gutlaglaryny ýollap, onuň bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Boris Jonson konserwatorlaryň lideri hökmünde, 24-nji iýulda ýurduň Premýer-ministri wezipesine girişip, täze hökümetiň ilkinji maslahatyny geçirdi.Wezipesine girişen Boris Jonson Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň başlyklygyna Dominik Raabi belledi.

Mundan ozal, bu wezipäni Premýer-ministriň kürsüsine dalaşgärlik eden Jeremi Hant eýeläpdi.Maliýe ministrliginiň başlyklygyna ozalky içeri işler ministri Sajid Jawidi belledi.Konserwatiw partiýanyň meşhur wekili Prit Patel bolsa, içeri işler ministri wezipesine bellenildi.Tereza Meý 7-nji iýunda Britaniýanyň Konserwatiw partiýasynyň başlyklygyndan çekiljekdigini yglan edip, ýurduň Premýer-ministriniň wezipesiniň nobatdaky bäsleşigine ýol açypdy.

Meý 24-nji maýda täze lider saýlanýança Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetirjekdigini aýdypdy.Tereza Meý bu wezipä 2016-njy ýylda gelipdi.Boris Jonson 1964-nji ýylyň 19-njy iýunynda Nýu-Ýorkda doglup, birwagtyň özünde Beýik Britaniýanyň hem-de ABŞ-nyň raýatydyr.

Ol soňra maşgalasy bilen Brýussele, ondan soňra bolsa, Londona göçüp gelýär.Ol Iton kollejinde bilim alýar, soňra Oksford uniwersitetine okuwa girip, gadymy dünýä edebiýatyny we nusgawy filosofiýasyny özleşdirýär.

Jonson uniwersiteti tamamlandan soňra, žurnalist bolup işleýär, 2001-nji ýylda Konserwatiw partiýasy tarapyndan Beýik Britaniýanyň halk mejlisiniň agzasy bolýar.Ol 2008-nji ýylda Londonyň häkimi wezipesini eýeläp, ýurduň syýasy meýdanynda adygyp ugraýar.

Jonson 2016-njy ýyla çenli bu wezipede işläp, esasan, jenaýatçylyga garşy göreşe hem-de şäherdäki transport meselelerine ünsüni gönükdirýär.Köpler Boris Jonsony welosipedli işe gatnaýan häkim hökmünde tanaýarlar.Boris Jonson 2016-njy ýylda Premýer-ministr Tereza Meýiň hökümetinde Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri bolýar, ýöne 2018-nji ýylda öz islegi bilen bu wezipeden çekilýär.Jonson saýlawlardan öň geçiren birnäçe maslahatlarynda britaniýalylar üçin zerur bolan meseleleri orta atdy.

Giň gerimli infrastruktura taslamalary, şol sanda, Beýik Britaniýa adasyny Demirgazyk Irlandiýa bilen birikdirjek köpriniň gurluşygy baradaky niýetini mälim etdi. Şeýle hem Jonson britaniýalylaryň girdejilerini, ýurduň döwlet mekdeplerinde okaýan her bir okuwçynyň maliýeleşdirilmeginiň derejesini artdyrmak baradaky pikirini orta atdy.

Mundan başga-da Jonson Beýik Britaniýada howpsuzlygy goramak maksady bilen goşmaça serişdeleri bölüp berjekdigini mälim etdi.Ol Ýelizaweta II döwründe 14-nji Premýer-ministrdir.Täze britan Lideriniň eje tarapy Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň koroly Georg II Gannowarskiden (1683-1760) gaýdýar.

Onuň garry atasy gazet neşirýatçysy we şahyr Ali Kemal Beý bolup, 1919-njy ýylda Osman Imperiýasynyň içeri işler ministriniň wezipesini eýeläpdir.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri belli boldy  
Britaniýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bolar
Trass hökümet başlygy wezipesine bellendi, täze hökümet düzüldi
Täze Premýer-ministr şu gün belli bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi