Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri belli boldy  

Beýik Britaniýanyň konserwatorlarynyň başlyklygyna saýlanan Liz Trass ýurduň Premýer-ministri bolar. Bu barada dolandyryjy Konserwatiw partiýanyň dolandyryş komitetiniň başlygy Grem Breýdi mälim etdi. Trass partiýa agzalarynyň 81,3 müň sesine, onuň bäsdeşi, öňki maliýe ministri Rişi Sunak bolsa, 60,4 müň sese eýe boldy.

Liz Trass elektrik energiýasynyň bahasyny hem-de salgytlary azaltmaga söz berdi. Häzirki Premýer-ministr Boris Jonson ygtyýarlyklaryny 6-njy sentýabrdan gijä galman täze partiýanyň ýolbaşçysyna geçirer. Şol gün Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizawetanyň Şotlandiýanyň Balmoral galasynda Boris Jonsony hem-de Liz Trassy kabul etmegine garaşylýar.

2019-njy ýylda Tereza Meýiň ornuna geçen Jonson 7-nji iýulda Premýer-ministriň we Beýik Britaniýanyň Konserwatiw partiýasynyň başlygy wezipesinden çekilýändigini habar berdi.

Ilkibaşda parlamentiň 11 agzasy konserwatorlaryň lideri we Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaş etmek isleýändiklerini mälim etdiler, ýöne bäsleşikleriň dowamynda olaryň dokuzy öňe saýlanyp bilmedi.Iň soňky tapgyrda diňe Liz Trass bilen Rişi Sunak partiýanyň 200 müň töweregi agzalary tarapyndan öňe saýlanyp başardylar.

Ses berişlik, poçta arkaly geçirilip, 2-nji sentýabrda tamamlandy.Ertir – 6-njy sentýabrda dolandyryjy partiýanyň lideri hökmünde Liz Trass Boris Jonsonyň ornuna geçip, Ministrler Kabinetiniň täze düzümini bellär. Şeýlelikde, Liz Trass Beýik Britaniýanyň taryhynda 56-njy Premýer-ministr we Ýelizaweta II döwründe 15-nji Premýer-ministr bolar.

Ýene degişli makalalar

Britaniýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bolar
Trass hökümet başlygy wezipesine bellendi, täze hökümet düzüldi
Täze Premýer-ministr şu gün belli bolar
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyrylanda nämeleri bilmeli, Karaçi şäherine Aşgabatdan ynsanperwerlik ýükleri gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkalaýyn elektroulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär
Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyrylanda nämeleri bilmeli, Karaçi şäherine Aşgabatdan ynsanperwerlik ýükleri gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkalaýyn elektroulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär