Beýik Britaniýanyň Şasy Fransiýa we Germaniýa sapar gurar

Beýik Britaniýanyň Şasy Fransiýa we Germaniýa sapar gurar

Şa maşgalasyndan brilen beýanatda, Şa Karlyň we aýalynyň 26-njy martda başlajak 6 günlük saparynyň çäginde, Berlin, Gamburg we Pariž şäherlerinde saparda boljakdygy habar berildi.

Beýanatda ýurduň täze hökümdary bolan Şa Karl bilen aýaly Kamillanyň, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýer bilen duşuşjakdygy mälim edildi.

Saparyň çäginde Beýik Britaniýanyň Şasy III Karlyň Germaniýanyň Federal Mejlisinde çykyş etjekdigi bellenen beýanatda, Şanyň Fransiýada bolsa Ýeliseý köşgünde geçiriljek çärä gatnaşjakdygy aýan edildi.

Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta 8-nji sentýabrda tomus dynç alyş günlerini geçiren Şotlandiýanyň Aberdenşir sebitindäki Balmoral köşgünde ýogalypdy.

Bukingem köşgi Şa zenany II Ýelizawetanyň ýogalmagyndan soň şol gün beren beýanatynda, Karlyň tagta geçip, Beýik Britaniýanyň Şasy bolandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy
Täç geýdiriliş dabarasy guralar
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi, Serdar Berdimuhamedow patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy, FlyDubai Dubaýdan Aşgabada uçuşlaryň sanyny artdyrdy we beýleki habarlar
Angliýanyň Banky Patyşa Karl III keşbi şekillendirilen kagyz pullaryň satuwyndan 914 müň funt gazandy