Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, paýtagt London şäherinde beren beýanatynda: "Täze Premýer ministr wezipesine başlaýança çenli, wezipämi dowam etdirerin. Wezipe möhledimde meniň ýanymda bolan maşgalama, dostlaryma we iňlis halkyna minnetdarlyk bildirýärin. Bu Premýer ministrlik tapgyry meniň üçin möhüm we öwrediji boldy" diýip mälim etdi.

Beýik Britaniýada ýurduň Saglygy goraýyş ministri Sajid Jawid we Maliýe ministri Rişi Sunak düýn yzly-yzyna wezipelerinden çekilýändiklerini habar beripdiler.

Sajid Jawid mundan beýläk wyždan taýdan dowam edip bilmejekdigini we Jonsona ynanmaýandygy üçin wezipesinden çekilýändigini beýan edipdi.

Saglygy goraýyş ministri Sajid Jawidiň wezipesinden çekilmek baradaky kararyndan gysga wagt soň, ýurduň Maliýe ministri Rişi Sunak hem wezipesinden çekilýändigini aýan edipdi.

Iki ministriň wezipelerinden çekilmek baradaky kararlaryny Boris Jonsonyň Konserwatiw partiýasynyň deputaty we partiýasynyň topariçi dolandyryjysy Kris Pinçer bilen bagly azar bermek günäkärlemelerinden habardar bolmagyna garamazdan, oňa beren wezipä sebäpli örän puşmandygyny aýtmagyndan soň beýan edipdiler.

Premýer ministrlik tarapyndan ozal berilen beýanatda bolsa, Boris Jonsonyň Kris Pinçer bilen bagly günäkärlemelerden habardar bolmandygyny aýdandygy mälim edilipdi. Emma ondan soň Boris Jonsonyň 2019-njy ýylda Daşary işler ministri wezipesinde işleýän mahaly Kris Pinçer bilen baglanşykly şikaýatlar barada maglumat berilendigi ýüze çykypdy.

Ministrleriň wezipesinden çekilýändigi baradaky beýanatlaryndan ozal Boris Jonson, Kris Pinçere wezipe berendigi üçin ötünç sorapdy we örän puşmandygyny beýan edipdi.

Boris Jonson Premýer ministrlikde koronawirus epidemiýasy zamanynda karantin düzgünlerini bozýan çäreler geçirmegi sebäpli tankyt edilipdi we wezipeden boşadylmak basyşynyň astyndady.

Şol çäreleriň biri sebäpli pul jerimesi berilen Boris Jonson, öz partiýasynyň käbir deputatlary we oppozisiýa tarapyndan, parlamente ýalan sözlemek bilen günäkärlenipdi.

Boris Jonson; 1964-nji ýylyň 19-njy iýunynda doglan) Iňlis syýasatçysy we ýazyjysy, içerki saýlawlardan soň Tereza Maýyň işinden aýrylandan soň 2019-njy ýylyň 23-nji iýulynda Angliýanyň premýer-ministri boldy.2008-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Londonyň häkimi bolup işledi we 2015-nji ýyldan bäri Iňlis mejlisine wekilçilik edýär. Şäher häkimliginiň ikinji möhletinde 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gözegçilik etdi. 2016-njy ýylyň iýulyndan 2019-njy ýylyň iýulyna çenli Daşary işler we Arkalaşygyň Döwlet sekretary bolup işledi.

Ondan öň 2001-nji ýyldan 2008-nji ýyla çenli Henli saýlaw okrugyndan Mejlis agzasydy.Iňlis konserwatiw partiýasynyň agzasy we liberal ykdysady we sosial liberal syýasatlara ýakynlygy sebäpli "libertarian" diýlip atlandyryldy.

Konserwatiw partiýanyň lideri Tereza Maý 2019-njy ýylyň 24-nji maýynda işinden aýrylandan soň, Konserwatiw partiýa Angliýanyň premýer-ministri bolmak üçin 7-nji iýunda partiýa ýolbaşçylyk saýlawyna başlady.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri belli boldy  
Britaniýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bolar
Trass hökümet başlygy wezipesine bellendi, täze hökümet düzüldi
Täze Premýer-ministr şu gün belli bolar
Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyrylanda nämeleri bilmeli, Karaçi şäherine Aşgabatdan ynsanperwerlik ýükleri gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkalaýyn elektroulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär