Beýik Britaniýanyň maýa goýum gaznasy Unilever kompaniýasynyň Lipton we Brooke Bond markalaryny satyn alýar

Beýik Britaniýanyň maýa goýum gaznasy Unilever kompaniýasynyň Lipton we Brooke Bond markalaryny satyn alýar

Beýik Britaniýanyň CVC Capital Partners maýa goýum gaznasy çaýyň Lipton we BrookeBond brendlerini satyn almak boýunça Unilever kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. FinancialTimes gazetiniň habaryna görä, geleşigiň bahasy 4,5 milliard ýewro (ABŞ-nyň 5,1 milliard dollary) barabar bolar.

Şeýle-de Lipton we Brooke Bond markalaryna Amerikanyň Advent we Carlyle maýa goýum gaznalarynyň hem dalaş edendikleri bellenilýär. Ylalaşygyň öňýany Unilever bu bölümçesini ýylda 2 milliard ýewro (ABŞ-nyň 2,2 milliard dollary) girdeji berýän özbaşdak Ekaterra kompaniýasyna bölüpdi.

FinancialTimes gazeti Unilever kompaniýasynyň ýylda,takmynan, 1 milliard ýewro (ABŞ-nyň 1,1 milliard dollary) girdeji getirýän birnäçe çaý brendlerini öz çäginde alyp galandygyny hem habar berýär.

Beýik Britaniýanyň CVC Capital Partners maýa goýum gaznasynyň çaýyň Lipton we BrookeBond brendlerini satyn almaklyk üçin Unilever kompaniýasy bilen şertnama baglaşdygy baradaky habar Biznes Reklama gazetiniň 2021-nji ýylyň 29-njy noýabryndaky sanynyň 12-nji sahypasyna neşir edilen Maýa goýum gaznasy Lipton we Brooke Bond markalaryny satyn alýar atly makalada beýan edilýär.

Ýene degişli makalalar

“Unilever” kompaniýasy çaý telekeçiligini satdy
Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy
Beýik Britaniýa daşary ýurtly işçileri çekmek üçin wiza talaplaryny gowşadyp biler
Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär
Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy
Ýaponiýanyň MUFG banky kompaniýalaryň ýerlenmedik harytlaryny satyn alar