Beýik Britaniýanyň Koroly 4 gün dowam etjek Keniýa saparyna başlady

Beýik Britaniýanyň Koroly Karl III we onuň aýaly, şa aýaly-konsort Kamilla Keniýa sapar bilen gitdi. Ýokary derejeli myhmanlar ýurduň paýtagty Nairobidäki Jomo Kenýatta halkara aeroportynda resmi dabara bilen garşy alyndy. Bu ýerde olary Keniýanyň Prezidenti Willýam Ruto we onuň aýaly Raçel Ruto garşy aldy.

Tagta çykanyndan bäri Iňlis Milletler Arkalaşygyna agza ýurda ilkinji saparyny amala aşyrýan Karl III iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýär. Dört günläp dowam etjek saparynyň çäklerinde Karl III ýurduň Hindi ummanynyň kenaryndaky Mombasa şäherine hem baryp, ol ýerdäki dini jemgyýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Keniýadaky internat mekdepleriň birinde ýangyn boldy
Keniýa dünýäniň ähli ýurtlary üçin wiza düzgünini ýatyrmagy meýilleşdirýär
Keniýada Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 70 Adama Ýetdi
Ukraina Keniýada Galla Merkezini Açar
Öz watandaşynyň rekordyny täzeledi
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar