Beýik Britaniýada şa aýaly Ýelizaweta II ýurdy dolandyrmagynyň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, ýubileý şaýylyk çykarylar, bu barada Trend ýazýar. Hümmeti 50 pens boljak metal puluň 5 milliondan gowrak sanysy 7-nji fewralda dolanyşyga goýberiler.
Şaýylygyň bezegi Osborn Ross firmasy tarapyndan işlenip, onuň ýüzünde 70 san belgisi, korollyk monogrammasy we 1952 we 2022 diýen ýyl ýazgylary bar.
Öň Ýelizaweta II korollyk sousyny çykarmakçydygy habar berlipdi, Royal Estate diýlip atlandyryljak sous şa aýalyň Sandringemdäki mülkünde öndürilip, onuň 295 gramlyk çüýşesi 6,99 ýewrodan satylar. Şa aýalynyň sousy däp bolup gelýän goňur reňkli görnüşde taýýarlanar.
Brown sauce, ýagny goňur reňkli sous ýurtda iň meşhur tagamlaryň biri bolup, ony garbanyşhanalaryň ählisinde diýen ýaly müşderilere äberýärler. Britanlar ony etli nahara, sosiska, gowrulan ýeralma ýanap iýmegi halaýarlar.