Beýik Britaniýada Karl III täç geýmeginiň hormatyna şaýylyk çykaryldy

Beýik Britaniýanyň Korollyk zikgehanasy tarapyndan Korol Karl III täç geýdirilmegine bagyşlanan şaýylyk çykaryldy. Bu barada “MIR 24” web saýty habar berýär.

Onda Westminster abbatlygy şekillendirilýär, merkezinde bolsa, monarhyň resmi şifri ýerleşýär. Dolanyşyga 50 penslik 5 million şaýylyk girizildi. Olar kolleksionerleriň gyzyklanmasyny artdyrar diýlip garaşylýar. Şeýlelik bilen, Korol zikgehanasy IX asyrdan bäri ýurduň möhüm taryhy wakalaryny şaýylyklarda beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Leýboristleriň hökümetiniň ilkinji ýygnagy
Zähmet partiýasy öňde barýar
Buker baýragyna mynasyp boldy
Maýkl Jeksonyň şlýapasy Fransiýada auksiona çykarylar
Karl III doglan gününi belledi
Ýewropa Parlamentine saýlawlar geçiriler