Beýik Britaniýada et we süýt sarp etmegi azaltmaga çagyrdylar

Beýik Britaniýada et we süýt sarp etmegi azaltmaga çagyrdylar

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylary ekologiýa maksady bilen, etiň we süýdüň sarp edilişini 50 göterim azaltmalydyrlar. Bu barada ýurduň Howa gözegçiligi boýunça Hökümet geňeşi yglan etdi diýip, Telegraph neşirine salgylanýan Report habar berdi.

Ýurduň energetika ministri Ed Milibende ýollanan hatda 2050-nji ýyla çenli eti we süýdi sarp etmegi iki esse azaltmak hem-de olary ösümlik önümlerine çalyşmak maslahat berilýär.Bu çäreler 2035-nji ýyla çenli 1990-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende, howa taşlanýan kömürturşy gazynyň möçberini 81 göterim azaltmak üçin möhümdir.

Ady tutulan geňeşiň başlygy Pirs Forsteriň sözlerine görä, etiň we süýdiň sarp edilişini kemeltmek üçin fermerlere berilýän kömek pullaryny kesmek, azyk önümlerine salgydy ýokarlandyrmak we olaryň mahabatyny çäklendirmek bolar.

Hökümet şeýle-de ownuk we iri şahly mallaryň baş sanyny azaltmak barada aladalanmalydyr, sebäbi bu haýwanlar tarapyndan öndürilýän metan howanyň üýtgemeginiň esasy sebäbi bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
WhoScored Ýewropa çempionatynyň simwoliki ýygyndysyny hödürledi
“Forsaž 9” ABŞ-da pandemiýadan soňky prokat rekordyny täzeledi
Ýewro-2020: Ukraina 120-nji minutda gol geçirip, Şwesiýadan üstün çykdy
Ýewro-2020: Ispaniýa Slowakiýany, Şwesiýa Polşany ýeňdi
Ýewro-2020: Angliýa - Şotlandiýa we Horwatiýa - Çehiýa deňme-deň oýnady, Şwesiýa Slowakiýany ýeňdi