Beýik Britaniýa Karl III täç geýdirmek dabarasyna 125 million dollar sarp eder

Beýik Britaniýa Karl III täç geýdirmek dabarasyna 125 million dollar sarp eder

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III täç geýdirmek bilen bagly dabaralara sarp ediljek çykdajylar 50-100 million funt sterling (63-125 million dollar) bahalanýar diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri resmi däl çeşmelere salgylanyp habar berdi. Bu barada Interfax.ru ýazýar.

CNBC teleýaýlymynyň maglumatlaryna laýyklykda, şu günki nyrhlara öwreniňde, 1953-nji ýylda Ýelizaweta II täç geýdirmek dabarasy britan gaznasyna 50 million funta düşdi, 1937-nji ýylda geçen Georg VI täç geýdirmek dabarasyna bolsa 24,8 million funt sarp edildi.

Karl III täç geýdirmek dabarasy şu gün, 6-njy maýda geçer we oňa 2 müň töweregi ýokary derejeli myhmanlar gatnaşar, bu Ýelizaweta II täç geýdirmek dabarasyna çagyrylanlardan dört esse azdyr.

Baýramçylyk dabaralary üç gün dowam eder. Olara meşhur sungat ussatlarynyň çykyşlary hem girýär.

Habarlara görä, monarhyň özi gysga we gymmat bolmadyk dabara geçirmek isläpdir. Oňa täç geýdirmek dabarasy bir sagat töweregi dowam eder.

Britan garbanyşhanalary we myhmanhanalary täç geýdirmek dabarasy bilen baglylykda 350 million funt girdeji gazanarlar diýip, UK Hospitality guramasy çaklaýar.

Ýene degişli makalalar

Angliýanyň Banky Patyşa Karl III keşbi şekillendirilen kagyz pullaryň satuwyndan 914 müň funt gazandy
Beýik Britaniýada patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze pul çykarylar
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Sidneý opera teatry açyldy
Paýhaslar
Beýik Britaniýada täze şa şifri hödürlendi