Beýik Britaniýanyň hökümeti halkara syýahatyna bolan çäklendirmeleri kem-kemden aýryp başlar. Bu barada Sky News teleýaýlymyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Ulag ministri Grant Şappsyň aýtmagyna görä, hökümet ýurtlary “ýaşyl”, “sary” we “gyzyl” toparlara böljek üç derejeli ulgamy girizer.Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylary 17-nji maýdan başlap, “ýaşyl” sanawa girýän 12 ýurda baryp bilerler.
Hususan-da, Portugaliýa, Ysraýyla we Gibraltara. Şeýle-de, sanawda Azor adalary we Madeýra, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Singapur, Bruneý, Islandiýa, Farer adalary (Daniýa), Folklend adalary bar.Gresiýa, Ispaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlara syýahat heniz elýeterli bolmaz diýip, ministr belledi. “Ýaşyl” ýurtlardan gelenlerinden soň, raýatlara karantin geçmek hökmany bolmaz, diňe koronawirus üçin barlagyň otrisatel netijesini bermek ýeterlik bolar. “Sary” sanawdaky ýurtlardan Beýik Britaniýa gelnende, 10 gün izolýasiýada bolmaly we barlag tabşyrmaly bolar. “Gyzyl” sanawdaky ýurtlardan gaýdyp gelenler öz hasabyna howa menzilindäki myhmanhanada 14 gün karantinde bolmaly bolarlar.
Bu sanawda Türkiýe, Maldiwa, Braziliýa, Nepal we BAE hem bar.