Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Liz Trass esasy pudaklarda işçi güýjüniň ýetmezçilik meselesini çözmek üçin Britaniýanyň wiza ulgamyna täzeden garamak isleýär. Özgertmeleriň resmi taýdan yglan ediljek we işe giriziljek seneleri mälim edilmeýär diýip, “Financial Times-a” salgylanyp, Forbes.ru habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Trass “ýetmezçilikli işleriň sanawyny” düzetmegi meýilleşdirýär, bu hem britaniýaly iş berijilere daşary ýurtlardan has köp işgärleri çekmäge mümkinçilik berer.Hünäriň bu sanawa girizilmegi daşary ýurtly hünärmenlere wiza almak üçin has pes mukdarda wiza töleglerini tölemeli boljakdygyny, iş berijilere bolsa daşary ýurtlularyň dalaş edýän boş iş ornuna ýerli işgäri tapmandyklaryny subut etmegiň zerur bolmajakdygyny aňladýar.
Beýik Britaniýanyň hökümeti daşary ýurtly işçilere käbir pudaklar üçin iňlis dilini bilmek bilen bagly bildirilýän talaplary hem gowşadyp biler.Mundan başga-da, Trass möwsümleýin oba hojalyk işlerine daşary ýurtly işçileri işe almakdaky çäklendirmeleri ýatyryp biler. 2019-njy ýylda işe girizilen degişli wiza maksatnamasy 38 000 oba hojalyk işçisine wiza bermäge mümkinçilik berdi, ýöne pudak munuň ýeterlik däldigini hökümete duýdurdy.
Taýýarlanýan üýtgeşmeleri iş assosiasiýalary, aýratynam, işçileriň uly birleşmesi Britan senagatynyň konfederasiýasy (CBI) we Kiçi biznes federasiýasy goldady.Britaniýadaky kompaniýalaryň 60%-den gowragy, Britaniýanyň söwda palatasy tarapyndan tomusda 5700 kärhananyň arasynda geçirilen pikir soraşmanyň görkezmegine görä, goşmaça işçilere mätäçlik çekýär.
Käbir pudaklarda işçileriň ýetmezçiligi hasam ýokary mysal üçin, gurluşyk pudagynda kompaniýalaryň 83%-i işe almak meselelerinde kynçylyk çekýändigini habar berdi.