Beýik Britaniýa bilen Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Beýik Britaniýa bilen Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti bilen çarşenbe güni gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, energetika, howanyň üýtgemegi, oba we suw hojalygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Mundan başga-da, diplomatlar medeniýet, arheologiýa, bilim pudaklarynda, şeýle-de Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmek babatynda alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlygy tassykladylar.

“Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahatymy Türkmenistana ilkinji saparym bilen dowam etdirmäge şatdyryn.Bu 2015-nji ýyldan bäri ilkinji ikitaraplaýyn ministrlik derejesindäki sapar bolup, ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigine şaýatlyk edýär.

Biz global meseleleri, hususan-da howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň bilelikde işlemek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyk” diýip, Leo Doherti aýtdy.Bu barada Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Beýik Britaniýanyň täze ilçihanasynyň binasynyň gurluşygyny öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak baradaky Teswirnama gol çekdiler.

Şeýle hem Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Altyýew bilen duşuşyk geçirdi we metan zyňyndylaryny azaltmak we has durnukly geljege tarap işlemek ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Türkmenistanda iki sany täze ministrlik döredildi
Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek boýunça resminamalara gol çekdi
A.Altyýew ministr wezipesinden boşadyldy
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Oba hojalygy ministrlikleri pagtaçylyk boýunça hyzmatdaşlyk eder