2020-nji ýylda doglan gününiň 250 ýyllygy bellenip geçiljek meşhur nemes kompozitory Lýudwig wan Bethoweniň doly tamamlanmadyk 10-njy simfoniýasyny emeli aň tehnologiýasy tamamlar.Taslamany sazandalardan, kompozitorlardan we kompýuter hünärmenlerinden hem-de pianinoçy Robert Lewinden ybarat bolan topar durmuşa geçirer.
Doly tamamlanan eser kompozitoryň doglan şäheri bolan Bonnda Bethowen orkestri tarapyndan 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde çalnar. 1770-1827-nji ýyllarda ýaşap geçen Bethowen 10-njy simfoniýasyny tamamlap ýetişmändir. “Frankfurter Allgemeine Sonntagszeitung” gazetiniň habaryna görä, saz döredilende, kompozitoryň beýleki eserlerine hem salgylanylar.
Taslamanyň utgaşdyryjysy Zalsburgdaky Karajan institutynyň müdiri Matthias Röder toparyň taýýarlan algoritmi arkaly her gün täze zatlary öwrenýändiklerini aýdýar.
Doly tamamlanmadyk saz eseriniň kompýuteriň kömegi bilen tamamlanmagy ilkinji gezek edilýän zat däl. Mundan ozal, Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy awstriýaly kompozitor Frans Şubertiň (1797-1828 ýý) 8-nji simfoniýasyny emeli aň arkaly tamamlapdy. Şol saz şu ýylyň fewralynda Londonda ilkinji gezek aýdym-saz muşdaklaryna ýetirildi.