'Betbagtçylygyň bosagasynda'. Britan parlamentinde Türkmenistan boýunça hasabata diňlenýär

'Betbagtçylygyň bosagasynda'. Britan parlamentinde Türkmenistan boýunça hasabata diňlenýär

Daşary ýurtly maýa goýujylar gaza baý Türkmenistan bilen oýun oýnamagyny bes etmeli diýlip, Londonda ýerleşýän "Daşary syýasat merkezi" (The Foreign Policy Center) tarapyndan taýýarlanan täze hasabatda aýdylýar.

15-nji iýulda britan parlamentinde hödürlenýän uly göwrümli bu hasabatda Merkezi Aziýanyň "üzňe ýurdy" Türkmenistanyň “betbagtçylygyň gyrasyna barandygy” bellenýär.

“Ykdysady krizis, režimiň öz hakyna görkezýän repressiýalarynyň has güýçlenmegine, şahsyýet kultunyň bolsa, has aýylganç bolmagyna getirdi diýlip", hasabatda bellenýär.

Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, girdejileriniň peselmegi, halkyň durmuş şertleriniň agyrlaşmagy we esasy azatlyklarynyň çäklendirilmegi barada jikme-jik maglumat berilýän bu dokumentde ýurduň ykdysady ýagdaýynyň hökümetiň adam hukuklaryna hormat goýmazlygy meselesi bilen arabaglanyşygyna üns berilýär we daşary ýurtly maýa goýujylaryň türkmen ykdysadyýetine maýa ýatyrmagynyň töwekgelçilikleri duýdurylýar.

"Türkmenistan - halkara sahnasynda köplenç ünsden düşürilýän ýurtdyr. Onuň bol gaz zapaslarynyň möçberine, ýa-da ýolbaşçylygynyň geňligine esasy üns gönükdirilýär. Ýöne welin, bu barlaglar uzaga çeken ykdysady krizisiň orta arasynda galýan bu ýurdyň üstüni açýar, bu ýerde adaty adamlaryň durmuşynyň aşa agyrlaşmagy we ähli ýerlerde azyk ýetmezçiligi göze ilýär" diýlip, hasabatda aýdylýar.

Türkmenistan boýunça hasabat 15-nji iýulda Britaniýanyň parlamentinde köpçülige hödürlenýär.

Londondaky diňlenişige gatnaşýan "Türkmen.news" neşriniň ýolbaşçysy Ruslan Mätiýew Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

- Diňlenişigi "The Foreign Policy Center" guramasy guraýar.Hasabat "Türkmen.newsyň" zakasy boýunça taýýarlandy we ol britan biznesi hem britan parlamenti üçin niýetlenýär.Bu hasabatymyzyň hödürlenýän strukturalaryň biri Beýik Britaniýanyň korrupsiýa garşy daşary syýasatyna jogapkär komitetdir.

Umuman, ýurtdaky ýagdaý özi özünden habar berýär.Hasabatda daşary ýurt inwestorlarynyň Türkmenistana bir gezek baryp, eli boş gaýdan ýagdaýlary barada anyk mysalar getirilýär.Olar öz pullaryny ýatyrdylar, güýjüni, öz resurslaryny, soňra, bolsa, daşary ýurt edaralarynda adalaty gözlemeli boldular - diýip, Ruslan Mätiýew aýtdy.

"Daşary syýasat merkezi" öz hasabatynda Türkmenistanyň, esasan gazyň eksportyndan gelýän döwlet girdejileriniň azalmagy, ykdysady problemalary, daşary ýurt maýa goýujylaryň öňündäki bergileri, şeýle-de ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi, işsizlik, ilatyň daşary ýurtlara migrasiýa akymynyň artmagy barada jikme-jik maglumat berilýär.

"Maýa goýujylaryň Türkmenistanyň ägirt uly gaz zapaslary sebäpli başda ýurda çekilmegi ähtimal bolsa-da, bu ýerde düýpli problemlar bar. Bu, ýüz tarapy mermerli, ýurduň umumy içerki önümçiliginiň agramly resmi görkezijilerini öňe sürýän we örän çylşyrymly garaňky ykdysadyýetini ýaşyrmak üçin berk çäklendirilýän döwlet dükanlaryny ulanýan ýurduň "potýomkin ykdysadyýetidir" diýlip, hasabatda bellenýär.

Hasabata görä, Türkmenistanyň Hytaýa amala aşyrýan gaz eksportunyň möçberiniň artmagyna garamazdan, ýurduň girdejileri çürt-kesik azalypdyr. Muňa 2000-nji ýyllaryň aýagynda baglaşylan ylalaşyga görä, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa - Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin 10 milliard amerikan dollary möçberindäki bergisini üzlüşmek üçin Hytaýa akdyrýan gazyny ýeňillikli bahadan satmagy, şeýle-de Orsýetiň we Eýranyň türkmen gazyny satyn almagyny bes etmegi sebäp bolupdyr.

"Hytaý bilen söwdanyň 2010-2018-nji ýyllaryň aralygynda on esse artan bolmagy çak edilýär, şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň gaz eksportynyň umumy möçberi esli azaldy. Bu ýagdaýda Türkmenistanyň ykdysady ukyby Hytaý bilen söwda garaşly boldy" diýlip, hasabatda bellenýär.

"Daşary syýasat merkeziniň" taýýarlan hasabatynyň awtorlarynyň bellemegine görä, maýa goýujylar üçin potensial riskler ýurduň berlen harytlar we edilen hyzmatlar üçin töleg tölemezligi, korrupsiýany, ylalaşyklara ynamsyzlygy, kanunyň hökmurowanlygynyň berjaý edilmeýändigi we adam hukuklarynyň depelenýändigi sebäpli abraýsyzlyk ýaly töwekgelçilikleri öz içine alýar.

"Ykdysady krizis režimiň öz halkyna garşy repressiýalarynyň has ýowuz bolmagyna, şahsyýet kultunyň bolsa has güýçlenmegine getirdi" diýlip, hasabatda bellenýär.

Hasabatda adam hukuklaryna degişli problemalaryň arsynda ýurtda mejbury zähmetiň ulanylmagy we türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler, žurnalistleriň we adam hukuklaryny goraýjylaryň yzarlanmagy ýaly problemalar agzalýar.

"Daşary syýasat merkeziniň" Türkmenistan boýunça hasabatynda geçirlen barlaglarynyň netijesinde gelnen netijeler we berilen rekomendasiýalar böleginde bellenmegine görä, Türkmenistanyň başdan geçirýän ykdysady krizisi ýurduň adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan täsir ýetirilmegi üçin täze mümkinçilikleri hem döredýär.

Adam hukuklary bilen bagly krizis hasaba alnanda Ýewropa Bileleşigi Ýewropa Parlamentiniň teklip eden Türkmenistan üçin adam hukuklary boýunça gözegçilik görkezijilerini kabul etmeli we bu prinsiplerden Türkmenistan bilen işleşýän halkara guramalarynyň ählisi ugur almaly diýlip, hasabatda aýdylýar; Beýik Britaniýanyň premýer-ministriniň Türkmenistan bilen söwda meseleler boýunça pozisiýasyna gaýtadan seretmek teklip edilýär, ýagny Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň söwda hem senagat boýunça geňeşiniň üsti bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin syýasy kapitaly sarp edip-etmezlik meselesi gozgalýar.

Şeýle-de, hasabatda Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) Türkmenistana maliýe kömeginiň möçberini giňeltmeli däldigi bellenýär; Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyny azaltmak we ýagdaýa gözegçilik etmek üçin Halkara zähmet guramasynyň ýurtda ornaşmagy üçin basyşyň zerurlygy hasabatda nygtalýar; Türkmenistanyň halkara inwestision ylalaşyklary berjaý etmegi we BMG-niň hem hökümete degişli bolmadyk guramalaryň ýörite hasabatçylarynyň ýurda barmagyna rugsat bermegi üçin halkara basyşynyň güýçlendirilmeginiň zerurdygy aýdylýar.

​Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Türkiyäniň özlerine kasset bombasyny berendigi baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny aýtdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Amerikan kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrýar
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Daşary ýurt metbugatyna syn
A PLENARY SESSION "THE ROLE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING PEACE AND SECURITY" WAS HELD AT IIR MFA OF TURKMENISTAN