Syýahatçylyk pudagynda soňky ýyllarda üns berilýän ugurlaryň biri hem otly syýahatlarydyr.Megerem, köp adam otluly birnäçe ýurdy aýlanmagy, ýolugra şäher gözelliklerini we owadan tebigaty synlap gitmegi halaýan bolsa gerek.
Otly syýahatlarynda Empire Builder, The Ghan, Belmond Hiram Bingham, Qinghai-Tibet Railway öňdäki orunlary eýeleýär.Bernina Express hem meşhur otly syýahatlarynyň biri bolup, Italiýa bilen Şweýsariýanyň erteki ýaly owadanlyklaryny synlamaga mümkinçilik berýär.
Iki gapdaly giň penjireler bilen örtülen gyzyl wagonlar daş-töweregi synlap gitmek üçin niýetlenipdir.Panoramik wagondaky lýuks oturgyçda oturyp, buzluklary, kölleri synlap, tunnellerden we köprülerden geçip barşyňa özüňi filmlerdäki ýaly duýýarsyň. Şweýsariýanyň Çur şäherinden ýola düşen otly syýahaty Bazel, Sýurih, Alp daglaryndan geçip, Milandan Tirano (Italiýa) şäherine barýar.
Dünýäniň iň dik gaýalaryndan geçýän Bernina Express otly syýahaty 4 sagat dowam edýär.Otly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 122 kilometrlik demir ýoldan ýöräp, 196 köprüden, 55 tunnelden, belentliklerden, garly dag gerişlerinden we hemişe gök öwsüp oturan tokaýlyklardan geçýär.
Bu otly syýahaty, esasan hem, tomusda we gyşda has owadan görnüşe eýe bolýar. 1898-1904-nji ýyllar aralygynda gurlan demir ýol haýran galdyryjy görnüşe eýedir.Otly Alp daglaryndan 2 müň 253 metr belentlige çykyp, soňra Italiýa tarap aşak inip başlaýar.
Bernina Express dünýäniň iň dik demir ýoly hasaplanýar.Sagatda 45 kilometr tizlik bilen hereket edýän otly arzan bahaly bolmagy bilen hem tapawutlanýar.Otly syýahaty 6 ýaşa çenli çagalara tölegsiz bolup, 6-16 ýaş aralygyndakylara 50 göterim arzan petek berilýär.
Bernina Express Ýewropanyň iň gyzykly we meşhur otly syýahaty hasaplanýar. /* custom css */ .td_uid_15_675980ff6d4e5_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_675980ff6d4e5_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }