Berlinde Ýewropadaky iri şygyr festiwaly dowam edýär

Berlin şäheriniň şapito-sirkinde halkara şygyr festiwaly açyldy, ol eýýäm 25 ýyl bäri geçirilýär hem-de Ýewropada iň uly şygyr baýramçylygy hasaplanýar.

Bu ýyl guramaçylar dillere we temalara aýratyn üns berýärler, olaryň pikiriçe, bu temalara ýeterlik üns berilmeýär. Mysal üçin, Ispaniýadan gelen şahyrlar ýitip ýok bolmak howpy abanýar diýip, katalon dilinde şygyr ýazýarlar.

Festiwalda şygryýet islendik görnüşde kabul edilýär, nusgawy labyzly okaýyş, rep, şygyr teatry we ýene-de köp-köp görnüşde bu ýerde öz zehiniňi görkezse bolýar. Baýrama tutuş dünýäden 150 şahyr gelýär.

Däp bolşy ýaly, Berliniň şygyr festiwaly tutuş dünýäde şeýle çäreleri guramak babatda özara tejribe alyşmak üçin hem oňat mümkinçilikdir diýip, euronews.com ýazýar.

Ýene degişli makalalar

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen çeper filmi Berlinde görkezildi
Tbiliside Türkmen kinosynyň günleri badalga aldy
22-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy mango festiwalyny gurady
Türkmenistan Hazar mediaforumyna gatnaşar