
Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsuň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy sentýabrda Berline iş saparyny amala aşyrar. Şol gün Berlinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri ilkinji gezek ýokary derejede geçirilýän Merkezi Aziýa — Germaniýa sammitine gatnaşarlar. Bu barada Federal Hökümetiň Metbugat we maglumatlar müdirligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols hem-de ýurduň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçiriler. Olaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Hususan-da, gepleşikleriň dowamynda ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy bilen bagly köp sanly meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, C5-1 görnüşindäki ilkinji Merkezi Aziýa — Germaniýa sammiti ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem sebit we Germaniýa üçin möhüm bolan özara gatnaşyk meselelerine gönükdiriler. Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşarlar.