Şu gün Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň nemes diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de Magtymgulynyň şygryýetiniň Ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Berlinde geçirilen halkara ylmy maslahata hem-de şahyryň nemes dilinde terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamynyň wekilleri, alymlar, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Magtymguly Pyragynyň nemes diline terjime edilen goşgular ýygyndysy Ylym neşirýaty tarapyndan çap edildi. Onda şahyryň 130-dan dan gowrak goşgulary ýerleşdirilipdir. Ýygynda girizilen goşgular Granada uniwersitetiniň professory Helga Kohrs kegel bilen onuň ogly Alehandra Muňoz Kohrs tarapyndan terjime edilipdir. Nemes diline terjime edilen goşgular Barbara Kellner-Heinkele we G.Sahatowa tarapyndan redaktirlenipdir.
Kitap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Janbekowyň ýolbaşçylyk etmeginde çapa taýýarlandy diýlip, habarda bellenilýär.
Dabaranyň çäklerinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryndan söz açýan sergi hem guraldy.