Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym

Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy.

Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlarynyň eserlerinden Saparmämmet Meredowyň Gözel diýarym, Baýram Nuryýewiň Un aşly natýurmort, Ýüzärlik natýurmort, Berdisähet Gurbansähedowyň Süri, Yhlas Allanazarowyň Aýdyň gelejek, Baýram Mämiýewiň At döwletdir, Annagylyç Mämmetgulyýewiň Garaşsyzlyk, Merdan Kakabaýewiň Dessanlarda Watan waspy, Kitaplar we dutar, Şeker Hudaýberenowanyň Ýagyşdan soň, Jeren Abdullaýewanyň Toý semenesi, Aýnabat Gullakowanyň Ýaş suratkeş, Leýli Nurmämmedowanyň Ýüpek ýoly, Begenç Saparowyň At oýuny, Kömekgeldi Orazdurdyýewyň Magtymguly Pyragy, Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň Bitaraplygyň waspçysy, Annageldi Hojaberdiýewiň Ak şäherim Aşgabat, Maýsa Narkulyýewanyň Arkadag şäheri döwrüň sungaty, Aýjemal Sýadiýewanyň Asudalyk, Dinara Rozyýewanyň Ýurduň toýy ýaly eserleri bolup, sergide suratkeşiň 53-den gowrak işleri olardan nakgaş, gobelen ýaly sungat eserleri görkezildi.

Bu sungat eserlerinde bagtyýar zamanymyzyň waspy, peýzaž bilen baglanyşykly däp-dessurlarymyz, gözelligi hem-de sergide görkezilýän sungat eserlerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli bagyşlanan eserler bilen tapawutlanýar.

Eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, ak mermerli owadan şäherimiz arassa, asuda ýurdumyz, gündelik durmuşyň gyzykly sahnalary mynasyp suratlandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Salyr Türkçesi
Konserwatoriýanyň talyplary bagşyçylyk sungatynyň syrlaryny öwrenýärler
23.06.2019 | Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary