2016-njy ýylyň aýagynda Aşgabatdaky türk söwda merkezi “Ýimpaş” ýapylandan soň, il arasynda iň meşhur söwda-dynç alyş tolpumlarynyň biri hem “Berkarar” boldy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň berýän habaryna görä, bu ýerde harytlaryň dürlüligi örän ýokary, emma bahalar hema mazaly ýokary (özem bazarlardakydan pes gymmatlamaýar).
1 of 9
Mysal üçin, “Kämil market” supermarketinde almanyň bir kilogramy, sortuna baglylykda, 21 manatdan 34 manada çenli aralykda satylýar.Bazarda bolsa, ozal çap eden bahalara synymyza laýyklykda, ýanwaryň aýagynda ýerli almalar 8 manatdan, Eýrandan getirilen almalar 15 manatdan satylýardy.
Söwda merkezindäki apelsinleriň kilogramy 13 manatdan 29 manada çenli aralykda satylýar, emma bazarda olaryň bahalary 8 manatdan 19 manat aralygynda.
Tüwiniň bir kilogramy 13,5 manat, bir gap makaron 11,5.
Mundanam başga, şu ýylyň ýanwaryndan bäri nahar sodasynyň bahasy iki esse gymmatlady. Eger ozal bir gap nahar sodasy 4,5 manat bolan bolsa, häzir onuň bahasy eýýäm 10 manada ýetdi.
Import edilen rus ununyň bir kilogramy 10 manat. Ýatladýarys, ýiti gytçylyk bilen baglylykda, döwlet dükanlarynda kilogramy 2-3 manat bolan ýerlin unlar Türkmenistanyň dükanlarynyň tekjelerinden ýitirim boldy. Häzir iň arzan we geçginli un Gazagystanyňky, onuň kilogramy, regionynan baglylykda, 4,80 — 6 manatdan satylýar.
Biziň çeşmelerimiziň bellemegine görä, dollaryň “gara bazardaky” bahasy ýene ýokarlanýar we 12-nji martda 1 dollaryň bahasy 14 manat belgisine bardy.