Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Nesil gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden bäsleşigine döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň hödürlän 150 sany eserinden 35 sanysy eminler topary tarapyndan saýlanyldy.
Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi saýtynda habar berildi.
Bäsleşikde baş baýraga Nesil gazetiniň öz habarçysy Aýşat Hojamuhammedowa eýe bolup, 1-nji orna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Suraý Babanyýazowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Ogulşat Myratberdiýewa we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nury Sakçyýew dagy mynasyp boldy.
2-nji orny Arkadag şäheriniň häkimliginiň Tehniki tükelleýiş edarasynyň tehniki tükelleýjisi Selimberdi Esenberdiýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Sport teleýaýlymynyň teswirleýjisi Parahat Mämmetnurow, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Süleýman Hojanepesow, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň ýaşaýjysy Baýram Bejidow, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy Zergül Ylýasowa hem-de Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň Halkara gatnaşyklary we maglumat seljeriş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Maglumat seljeriş bölüminiň başlygy Kerimberdi Durdyýew dagy eýelemegi başardy.
Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açmakda ähmiýetli bolan bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Halmaýew, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Enemähri Guwanowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenawtoulaglary agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Tumar Hudaýberdiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji talyby Toýly Muhammetdurdyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby Uzuk Nowruzowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji talyby Parahat Batyrow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Zyýada Ýusubowa dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.